• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÝAÝRAŇ SKLEROZ KESELI BARADA NÄMELERI BILMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAÝRAŇ SKLEROZ KESELI BARADA NÄMELERI BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yayran sklerozÝaýraň skleroz (rus. – рассеянный склероз) – merkezi nerw ulgamynyň dowamly keseli bolup, onuň esasynda nerw süýümlerini gurşap alýan miýelin gabygynyň zeperlenmesi ýatýar. Kesel autoimmun häsiýetli bolup, immun ulgamy käbir itergi beriji sebäpleriň täsiri bilen bedeniň özüni, has takygy nerwleriň miýelin gabygyny üýtgedip başlaýar. Zeperlenme netijesinde miýeliniň dargamasy we onuň ýeriniň birleşdiriji dokuma bilen (şonuň üçin hem "skleroz" termini ulanylýar) tutulmasy bolup geçýär. Netijede, birleşdiriji dokumaly (sklerozirlenen) bölek beýniden gelýän elektriki impslary geçirmeýär. "Ýaýraň" sözi bolsa zeperlenmäniň göwrümini aňladyp, şeýle zeperlenmeleriň nerw ulgamynyň dürli ýerlerinde bolýandygyny düşündirýär. 

Ýaýraň skleroz näme sebäpden döreýär?

Kesele getirýän belli sebäpler mälim bolmasa hem, oňa getirip biljek ýagdaýlaryň ençemesini belleýärler:

Nesil yzarlaýjylyk häsiýeti: Eger çaganyň ýakyn garyndaşlarynyň arasynda bu kesel bilen kesellän bar bolsa, onda çagada döreme töwekgelçiligi 30% ýokarlanýar.

Ýaş aýratynlygy: Bu keseli has ýygy 20-40 ýaşyndaky adamlaryň arasynda anyklaýarlar. Ýöne keselçilik çagalarda hem, şeýle-de gartaşan adamlarda hem ýüze çykyp bilýär. Kesel näçe uly ýaşda döredigiçe, şonça hem agyr derejede geçýär. 

Ýokançlyklar: Keseliň döremegine bedende sitomegalowirusyň, polio we retrowirusyň, Epşteýna-Barryň wirusynyň bolmagy hem sebäp bolup bilýär.

Içegede döreýän disbakterioz: Içegäniň mikroflorasy gönüden-göni immun ulgamynyň ýagdaýyna täsir edýär. Işjeň we peýdaly bakteriýalar immun ulgamyna degişli goraýjy öýjüklere howply faktorlary tanap ýok etmäge kömek edýärler. Näbelli sebäplere görä, içegäniň üýtgän mikroflorasynyň işläp çykarýan maddalarynyň täsiri bilen hem miýelin gabygyň zeperlenmesiniň bolup biljekdigini lukmanlar belleýärler.

Çilimkeşlik: Temmäkidäki nikotin hem immun ulgamyna dargadyjy täsirini ýetirýär.

Ýalňyş iýmitlenme: Lukmanlaryň bellemegine görä, doýgun mal ýaglaryň köp kabul edilmegi hem ýaýraň sklerozyň döremegine itergi berip bilýär.

Kesel nähili ýüze çykýar?

Keseliň alamatlary nerw ulgamynyň zeperlenen ýerine we derejesine baglydyr. Kesele mahsus esasy alamatlar:

↪ El-aýaklarda döreýän gurşma we gowşaklyk;

↪ Hereket etmäniň kynçylygy;

↪ Hereket refleksleriň bozulmagy;

↪ Sebäpsiz görşüň peselmegi;

↪ Ýöremede deňagramlylygyň saklanmazlygy;

↪ Zatlary goşa görme, başaýlanma;

↪ Beden myşsalarynyň dartgynlylygy;

↪ Gürleýşiň haýallamagy;

↪ Çalt ýadamak we gowşaklyk;

↪ Peşew we täret etmäniň üýtgemegi;

↪ Emosional durnuksyzlyk.

Keseliň ilkinji alamatlary ýaşlykda, 20-40 ýaş aralygy ýüze çykyp gowşap bilýändir. Irki tapgyrlarda bu alamatlara üns berilmän, adaty ýagdaýda ýaşama we işleme dowam edip biler. Başda beterleme döwri bejergisiz hem gowşap biler. Keseliň beterleme döwürleriniň birnäçe ýyla çekmegi mümkin. Wagt geçdigiçe, beterleşip gowşamalar gysgalyp, adam ýagdaýynyň aýdyň üýgemelerini bilenden soň, lukmana ýüz tutmaga mejbur bolýar. Kähalatlarda keseliň çalt ýaýbaňlanmagy bolup geçip, gysga wagtyň dowamynda alamatlaryň güýçlenmegine getirip bilýändir. Ýaýraň sklerozyň alamatlarynyň aýdyň ýüze çykmagy durmuşyň hilini gaçyryp, maýyplyga getirip bilýär. 

Keseliň beterleşmeginiň öňüni alyp bolýarmy? 

Keseli wagtynda anyklamak kynçylyk döredip biler. Çünki gysgawagtlaýyn döreýän alamatlar ol diýen aýdyň ýüze çykmaýar, şonuň üçin adamynyň hereketini ol diýen çäklendirmeýär. Eger näsagyň lukmana ýüz tutaýan ýagdaýynda hem, alamatlara görä başga kesel kesgidi, meselem, osteohondroz, asteniýa goýlup bilner. Şol sebäpden, näsaglar köp ýyllap dürli kesel kesgitleri bilen dürli lukmanlarda bejergi alyp bilerler. Köp halatlarda näsaglaryň özleri ýüze çykýan alamatlara biperwaý garaýarlar: "aýaklarym agyr, daş asylan ýaly", "ýöräp barýarkam, büdräp başladym", "gözümiň öňünde hemme zat süýnüp barýan ýaly".

Üns beriň! Eger bellenilen alamatlar belli bir wagt aralygyndan soň döreýän we özbaşdak geçýän bolsa, eger olaryň döremegine fiziki ýa-da emosional agramlylyk, yssy howa ýa-da gyzgyn wannanyň kabul edilmegi itergi beren bolsa, onda newropatolog lukmanyna ýüz tutup doly barlagdan geçmek wajypdyr.

Soňky ýyllarda magnit-rezonans tomografiýanyň (MRT) kömegi bilen ýaraň sklerozy anyk kesgitlemäge mümkinçilik döredi. 

Ýaýraň sklerozyň netijeli bejergisi barmy?

Keseliň bejergisi immun ulgamynyň işjeňligini, şonuň bilen bilelikde hem onuň miýelin gabyklaryna hüýümini peseltmäge gönükdirilendir. Bejergi çäreleri näçe ir başlasa, şonça hem alynýan netije kanagatly bolup biler. Giç başlanan bejergi düzedip bolmajak newrologiki bozulmalara eltip, maýyplyga getirip bilýändir.

Bejergi üçin ulanylýan derman serişdeleri esasan 4 topara bölünýär:

↪ Immun ulgamyny kadalaşdyryjy serişdeler – bedeniň öz agressiw limfositlerini togtatmaga kömek edýärler;

↪ Saýlama häsiýetli serişdeler – dermanlar limfositleriň reseptorlary bilen baglanyşyp, olaryň limfa düwünlerinden çykmasynyň öňüni alýar;

↪ Immun ulgamyny gowşadyjy serişdeler – bu ulgamyň işjeňligini togtadýar;

↪ Monoklonal antibedenleriň ulanylmagy – serişdeler hüjüm ediji limfositleriň alawlama ojagyna aralaşmagynyň öňüni alýarlar.

Häzirki wagtda gemokorreksiýa usullary (immunosorbsiýa, krioferez, limfositoferez, fotoferez) bilen hem netijeli bejeri geçirilýär. Bu usul gany immun birleşmelerinden we dargan miýelin gabyklarynyň galyndylaryndan arassalamaga kömek edýär. 

Ýaýraň sklerozyň öňüni alyp bolýarmy?

Ýaýraň sklerozyň öňüni alyjy belli bir işlenilip düzülen çäreler toplumy ýokdur. Oňa getirip biljek anyk sebäpleriň näbelliligi üçin, onuň döremegine itergi berip biljek sebäplerden gaça durmak dogry bolar – dogry iýmitlenme düzgünlerini berjaý etmek, ýaramaz endiklerden saklanmak, wirus ýokançlyklaryna garşy derman serişdelerini ulanmak, bedende döreýän kadasyz alamatlara ünsli bolup, lukmanyň maslahatyny wagtynda almak we baş. 

Keseliň geçişi köp ýagdaýlarda onuň dowamlylygyna, kliniki görnüşine, berlen bejerginiň netijeliligine, näsagyň ýaşaýyş düzgünini berjaý edişine (günde köp bolmakdan, sauna, hammama barmakdan gaça durmak) köp derejede baglydyr.Ýaýraň skleroz keselli näsaglaryň köpüsi özwagtynda we dogry berlen bejerginiň netijesinde işjeň durmuş düzgüninde ýaşap bilýärler.

  • 313 gezek okalan