ENELERIŇ ÜÇDEN BIRI DOGRUM BILEN BAGLY MESELELERDEN EJIR ÇEKÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

BSGG göräeneler ejir cekyarler, dünýäde täze ene bolanlaryň 40 milliondan gowragy dogrumdan soň saglyk meselelerini başdan geçirýärler. Şol saglyk meseleleri ýeterlik derejede habar berilmeýär, ykrar edilmeýär we bejerilmeýär.

Lancet Global Health žurnalynyň neşir eden seljermesi dogrumdan alty hepde soň ýa-da has soňraky döwürde aýallarda birnäçe saglyk meselesiniň ýüze çykýandygyny anyklady:

↪ Bil agyrysy (dogrumdan soň aýallaryň 32%-ine täsir edýär);

↪ Jynsy gatnaşyk wagtynda agyry (35%);

↪ Täreti we/ýa-da peşewi saklap bilmezlik (8–31%);

↪ Ynjalyksyzlyk we/ýa-da depressiýa (9–24%).

Bejergi üçin päsgelçilikler: Köp saglyk meseleleri göwrelilik we çaga dogrumy sebäpli döräp ýa-da beterleşip bilýär, emma çaga dogrumyndan birnäçe aý ýa-da ýyl soňra ýüze çykmagy mümkin. Ol wagta çenli hem enelere dogrumdan soňky hyzmatlar elýeterli bolmaýar – çünki, adatça dogrumdan soňky hyzmatlar dogrumdan soňra diňe 6 hepdä çenli elýeterli edilen. Bu saglyk meseleleri aýallaryň özlerine we jemgyýete ykdysady hem saglyk taýdan hemişelik täsir ýetirip bilýär.

Maglumat ýetmezçiligi: Ylmy barlagçylaryň esasan baý ýurtlardan maglumat ýygnap bilendikleri sebäpli, dünýäde dogrumdan soň saglyk kynçylyklaryna sezewar bolýan aýallaryň sanynyň 40 milliondan has köp bolmagy örän ähtimal.

Sitata: "Enäniň saglygy diňe bir göwrelilik bildirip başlanda alada etmeli zadymyz däl. Netijeli ideg, peýdaly iýmitleniş, göwrelilik döwründe we çaga dogulmazyndan öň goldaw bermek hem wajypdyr" – diýip, Latyn Amerikasy we Karib deňziniň Saglyk ylymlary maglumatlary we gözleg merkeziniň direktory we seljermäniň awtory João Paulo Souza belleýär.

  • 193 gezek okalan