GARYNDAŞLARY ZORLUK, DÖWLET ÄSGERMEZLIK EDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dowlet asgermezlik edyarGyrgyzystanda öýde we daşarda aýal-gyzlara garşy gender esasly zorluk giňden ýaýrandyr we onuň jemgyýetde adaty zat hökmünde kabul edilmegi çynlakaý alada döredýär.

Hökümet öýdäki zorluk barada maglumat ýygnasa-da, maglumatlarda belli ilat toparlary, şol sanda maýyplygy bolan aýallar we gyzlar kesgitlenilmeýär. Gender esasly zorluk, öýdäki zorluk, mejbury we çaga nikasynyň pidalary baradaky resmi statistika maýyplyk barada maglumatlary öz içine almaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasynyň 2022-nji ýylyň fewraly 2023-nji ýylyň iýuly aralygynda geçiren barlagyna görä, Gyrgyzystanda maýyplygy bolan aýallar we gyzlar ýenjilýär, zorlanylýar, jynsy taýdan ekspluatasiýa edilýär, äsgerilmeýär, kemsidilýär, mejbury öýde saklanylýar we maşgala agzalaryndan başga hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaga rugsat berilmeýär, hereket etmäge ýardam edilmeýär we şahsy arassaçylykdan, sosial inklýuziwlikden, bilim almakdan we garyndaşlarynyň berýän maliýe goldawyndan mahrum edilýärler.

Kanunlaryň ýerliksizligi, agyr we diskriminirleýji subutnamalar talaby we elýetersiz adalat ulgamy Gyrgyzystanda maýyplygy bolan aýal-gyzlaryň öýdäki zorlukdan goranmagyny we adalat ugrunda göreşmegini kynlaşdyrýar. Adam hukuklarynyň halkara standartlary hökümetlerden maýyplygy bolanlar üçin deň hukuklary kepillendirmegi we maşgala agzalarynyň, ýoldaşlarynyň ýa-da öňki ýoldaşlarynyň zorlugyndan, äsgermezliginden azat ýaşamagyny we adalatyň elýeterliligini üpjün etmegi talap edýär.

Gyrgyzystan bu ýagdaýy üýtgetmäge ymtylyp, häzirki wagtda 2008-nji ýylda kabul edilen Maýyplaryň hukuklary we kepillikleri baradaky kanuna üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutýar. Eger üýtgetmeler kabul edilse, maýyplyk goldawynyň strukturasy lukmançylyk we haýyr-sahawat modelinden sosial we adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmä öwrüler.

Çeşme

  • 231 gezek okalan