< < GAZAGYSTAN GYZAMYK HADYSALARY BOÝUNÇA DÜNÝÄDE ÜÇÜNJİ ORUNDA - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

GAZAGYSTAN GYZAMYK HADYSALARY BOÝUNÇA DÜNÝÄDE ÜÇÜNJİ ORUNDA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Gyzamykgazagystan gyzamyk hadysalary örän ýokanç keseldir. Wirusa ýakynlaşan, emma zerur goranyşy bolmadyk 10 adamdan 9-syna gyzamyk wirusy ýokuşýar. Gyzamygyň möwjemesi sebitde habar berilýän hadysalaryň sany garaşylýan mukdardan köp bolanda yglan edilýär. Häzirki wagtda, gyzamyk hadysalary dünýäniň ähli sebitlerinde ýüze çykýar. 12,985 sany habar berlen hadysa bilen Gazagystan gyzamygyň iň köp ýaýran on ýurdunyň arasynda üçünji orunda durýar.

28-nji noýabrda, Saglyk ministri Azhar Giniýat Gazagystanda 17 müňden gowrak gyzamyk keseliniň hasaba alnandygyny habar berdi. Kesellänleriň 82%-den gowragy çagalar. 29-njy noýabrda ministr: "Köpçülikleýin immunizasiýa günleri dogry we netijeli geçirilse, dekabr aýynda ýagdaýyň durnuklaşmagyna we täze ýylyň ýanwarynda keseliň azalmagyna garaşýarys" – diýip belledi.

Centers for Disease Control and Prevention

  • 227 gezek okalan