TÜRKMENISTANLY AÝAL HINDISTANDA ADAM SÖWDASYNY ÝÖRETMEKDE AÝYPLANDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistanda adam sowdasyHindistanda tenini satmaga mejbur edilen iki sany özbegistanly gyz gorkuzmalara we zalymlyga sezewar bolandyklary barada BBC Hindi habarlar gullugyna gürrüň berdiler. Olar immigrasiýa jerimeleri sebäpli Hindistandan çykyp bilmeýän ençeme gyzlar bilen birlikde özlerini gapana düşen ýaly duýýarlar.

Oktýabryň başyna Delhi şäheriniň polisiýasy ýurduň Goa welaýatynda adam söwdasyna baş goşmakda şübhelenýän iki adamy tussag etdiler. Olaryň biri türkmenistanly aýal, beýlekisi bolsa owganystanly erkek adam. Bu iki jübüt Merkezi Aziýa ýurtlaryndan garyp maşgaladan bolan ýaş gyzlary Dubaýa işe salmak bilen aldap, Hindistana getiripdirler we soňra olary tenini satmaga mejbur edipdirler. Bularyň ikisi hem Hindistanda bikanun ýaşap, uly göwrümli ten söwdasyny ýöredipdirler.

  • 236 gezek okalan