NÄME ÜÇIN ULY ÝAŞLY ERKEKLER ÖZ HEREKETLERI ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄRLER?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

yasly erkek hereketleriO döwür men 17 ýaşymdadym. Gapy öndüriji kärhanasy bolan telekeçiniň elinde işlemäge başladym. Bu meniň aýlyk alyp işlän ilkinji işimdi. Iş wagty başlygym hiç hili üm-yşarat etmeýärdi ýa-da lak atmaýardy. Onsoňam ol öýlenendi, çagalary hem bardy. Ýöne kimi bu zatlar saklap dur, dogry dälmi? Şeýle hem başlygym meniň entek 17 ýaşymdadygymy bilýärdi! Kämillik ýaşyna ýetmedikdim!

Umuman, işden soň ol hemmämizi öz maşynynda öýli-öýümize taşlaýardy. Öňdäki kürsüde hiç oturmaýardym, çünki yzda özümi has rahat duýýardym. Bir gün agşam maşynda men iň soňuna galdym. Ol öňdäki kürsä geçmegimi isledi. Men joramyň doglan gününe barýardym. Başlygym elini aýagyma goýdy – men tisginip, daşlaşdym, we ol elini çekdi. Doglan günden soň meni alyp gitjekdigini aýtdy, men kabul etmedim. Joramlardan öýe taksili gaýtdym.

Ertesi gün işde ol maňa azgaryldy, diýlen ýerde maňa garaşypdyr, men bolsa gelmänmişim. Ýöne biz muny şertleşmedik ahyry! Bu wakadan soň, ondan hiç hili yşarat bolmady. Bile işlemek oňaýsyzlyk doredýärdi we başga iş tapamsoň, höwes bilen işden çykdym.

Şeýle ýagdaýlar sebäpli, erkekler bilen aramda böwet döredi we ol böwedi aýyrmak uzak wagt aldy. Ol uly ýaşly, maşgalaly erkek halyna ýaş gyza täsirini ýetirjek boldy. Eger ol gatyrak dyzan bolsady? Eger men ýok diýip bilmesedim? Onda netije has erbet bolup bilerdi. Näme üçin uly ýaşly erkekler öz hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýärler we olaryň netijesi barada pikirlenmeýärler?

Asyl nusgasy:

Мне было тогда 17 лет. Устроилась на работу к предпринимателю, у кого был бизнес по производству дверей. Эта была моя первая работа с зарплатой. Во время работы не было намеков и флирта с его стороны. Да и он был женат, и дети были у него, ну кого это останавливает, правда же? Более того шеф знал, что мне 17 лет! Несовершеннолетняя!

Так вот, обычно он развозил нас по домам на своей машине. Вперед я не садилась. Себя комфортнее чувствовала на заднем сидении. Одним вечером получилось так, что я осталась последняя на развоз. Он настоял сесть вперед. Я ехала к подруге на день рожденье. Он положил руку на мою ногу – я отшатнулась. И всё, он не продолжал. Настаивал, что заберет меня после дня рождения, я отказалась. И взяла такси после того, как поздравила подружку.

На следующий рабочий день он на меня наехал, что ждал меня в указанном месте какое-то время, а я не пришла. Хотя мы не договаривались! После этого никаких намеков от него не было. Было не всегда комфортно работать, и я с удовольствием уволилась как нашла другую работу.

Из-за таких моментов у меня появился барьер к противоположному полу, над которым мне пришлось работать. Это взрослый мужчина, который пытался влиять на юную девушку. А если бы он сильнее настаивал? А если б я не смогла ему отказать? То последствия были бы еще хуже. Почему взрослые мужчины не ответственны за свое поведение и не думают о последствиях?

  • 309 gezek okalan