ÖÝDÄKI ZULUM BARADA MAGLUMAT KEMÇILIGI NÄMÄNI AŇLADÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

missing data introÖýdäki zuluma gezek gelende, maglumatyň azlygy ýa-da ýoklugy diňe tablisadaky sanlaryň kemdigini aňlatman, eýsem has uly meseleden habar berip bilýär. Öýdäki zorluk ölüm howply hadysadyr. Türkmenistanda öýdäki zulum köplenç hökümet, polisiýa, kazyýetler, hassahanalar we halkara guramalar tarapyndan ünsden sowulýar we hasaby ýöredilmeýär. Munuň esasy sebäbi bolsa, zulumly hadysalara gözegçilik edilýän dürli usullaryň kemçilik etmegidir. Gynansakda, maglumat kemçiligi gymmada düşüp bilýär we käbir ýagdaýlarda ölüm howply netijeleri berip bilýär.

2015-nji ýylda Türkmenistan BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatnamasyny (DÖM) kabul etdi. Bu uniwersal hereket 2030-njy ýyla çenli häzirki global meselelere çözgüt tapmagy maksat edinýär. Olaryň içine gender deňligi (5-nji maksat) hem girýär. Gender deňligi aýallaryň häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine üns gönükdirip, öýdäki zulumy hem öz içine alýar. Bu maksatlara ýetmek üçin, her ýurt ýerlikli metodologiýalary we maglumat ýygnaýyş usullaryny ulanmaly.

Türkmenistanda maglumat ýygnamak we gözegçilik çäreleri heniz hem gowşaklygyna galýar. Ýurtda ygtybarly we gowy hilli maglumatyň ýetmezçilik etmegi aýallaryň meselelerine kanunçylykda hem ýer berilmeýändiginden habar berip biler. Şeýle-de bolsa, eger häkimiýetler we beýleki hyzmat beriji pudaklar güýç birikdirip gözegçilik ulgamyny gursalar, zulumyň töwekgelçiliklerini anyklamak, janlary halas etmek, pidalara has gowy seretmek we netijede öýdäki zulumy azaltmak mümkin.

Esasanam Türkmenistanda zulumyň gözden salynmazlygy örän möhümdir. Çünki ýurtda öýdäki zulumyň pidalarynyň köpüsi bu barada dil ýarmaýarlar, öz hak-hukuklaryny bilmeýärler, ýanýoldaşlaryny we garyndaşlaryny has hem gaharlandyrmakdan gorkýarlar, jemgyýetiň we polisiýa işgärleriniň tankytlamasyna sezewar bolýarlar, we kazyýetde hem kynçylyk çekýärler.

Öýdäki zulum barada maglumatyň ýygnalmagy köp syrlaryň üstüni açyp, meseläniň çözgüdine bir ädim ýakynlaşdyryp biler. Maglumatyň kem ýa-da ýok bolmagy, Türkmenistanda öýdäki zorlugyň ýokdugyny aňlatmaýar.

missing data 01

missing data 02

missing data 03

missing data 04

missing data 05

missing data 06

  • 183 gezek okalan