ÖÝDÄKI ZORLUGYŇ PIDASY KÖMEK SORANDA, ETMELI DÄL ZATLAR
Öýdäki zorlugyň pidasy öz ýagdaýyny gürrüň berende, ony goldaň. Şeýle-de, pidanyň stresli ýagdaýdadygy sebäpli, oýlanyşyksyz sözleriň we hereketleriň onuň daşky dünýä bolan ynamyny söndürip bilýändigini unutmaň. Şol sebäpli, örän seresaply çemeleşiň.
Tutanýerli maslahatlar we taýýar çözgütler hödürlemäň:
▶ Birinjiden, şeýle maslahatlar köplenç diňlenilmeýär.
▶ Ikinjiden, pida özüni samsyk ýa-da erksiz saýýansyňyz öýder; onuň ejizligini öz derejäňizi beýgeltmek üçin ulanýansyňyz öýder.
▶ Beýle maslahatlar pidanyň özüne bolan ynamyny gaçyryp biler.
Ýagdaýy analiz etjek bolmaň:
▶ Käbir pidalar analizleri kabul edip bilmeýär we munuň üçin sizden daşlaşyp biler.
▶ Analizler pidada ýakymsyz duýgy döredip, özüne bolan ynamyny gaçyryp biler.
Logiki jogaplary bolan soraglary seresaplyk bilen beriň. Adamy belli bir karara getirjek bolýanyňyz düşnükli we dogry, emma käbir zatlary unutmaň:
▶ Zorlugyň pidasy güýçli duýgulary başdan geçirýär. Şol sebäpli oňa rasional pikirlenmek we logiki karara gelmek kyn.
▶ Şeýle soraglar pidany gaharlandyryp ýa-da garşylyk döredip biler.
▶ Özüniň şeýle aýdyň çözümi tapyp bilmänligi üçin, pidanyň özüni samsyk duýmagy we özüne bolan ynamyny has hem gaçyrmagy ahmal.
Pidanyň hereketlerini bahalandyrmakdan, oňa öwüt bermekden saklanyň:
▶ Eger-de pida muny kabul etse, ol özüni has günäkär duýup başlar.
▶ Eger kabul etmese, size we sözleriňize garşy çykar.
▶ Şeýle öwütler zorlugyň pidasyna hiç wagt goldaw bolmaz.
Tankytlamaň:
▶ Pidanyň hereketlerini tankytlamak ony sizden daşlaşdyrar, adamlara bolan ynamyny gaçyrar. Netijede, kömek soramagyny bes eder.
▶ Zulumkeşi tankytlanyňyzda seresap boluň. Pidalaryň köplenç gorkuda ýaşaýandyklary sebäpli, zulumkeşi gorajak bolmaklary ahmal.
Maşgaladaky zulumyň pidasyna goldaw bereniňizde, sözleriňize we reaksiýaňyza örän üns beriň. Esasy zat: pida duýgudaşlyk bildirmek, kömege taýýar bolmak we tankytlamazlykdyr!
Çeşme: Öýdäki zorlygyň pidasy kömek soranda, etmeli däl zatlar
- 1432 gezek okalan