ANTIBIOTIKLERI ÝERLIKLI WE DOGRY ULANYŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.74 (19 Ses)

2015-nji ýylyň 16-njy-22-nji noýabr aralygy – antibiotikleri dogry ulanmagyň Bütindünýä hepdeligi bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda antibiotik serişdeleriniň tertipsiz we görkezmesiz ulanylmagynyň adam bedeniiň peýdaly ýokançlyklaryna hem ýaramaz täsir edip, immun we endokrin ulgamyna dargadyjy täsirini ýetirýändigi we olara bolan durnuklylygyň döreýändigi barada lukmançylyga degişli köp edebiýatlar ýazýarlar.

Antibiotikleri dogry ulanmagyň Bütindünýä hepdeliginiň bellenilmegi antibiotiklere bolan durnuklylygyň ýokarlanma meselesine we bu ýagdaýyň öňüni almak üçin jemgyýetçiligiň, saglygy goraýyş işgärleriniň, syýasatçylaryň arasynda olaryň ýerlikli we dogry ulanylmagyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Antibiotiklere we başga ýokançlyklara garşy serişdelere durnuklylygyň ýokarlanma meselesine jogap edip, şu ýylyň maý aýynda Saglygy goramagyň 68-nji Bütindünýä assambleýasynda dünýä boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.

Ýokançlyklaryň derman serişdelerine bolan durnuklylygy meselesine garşy degerli çäreler toplumynyň özwagtynda geçirilmezligi 2050-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 100 trln. dollara golaý ýitgi çekmegine we her ýyl 10 mln. adamynyň biwagt ölmegine getirip biler. Dörän ýagdaýa seljermäniň berilmegi, serişdelere bolan durnuklylygyň döremegi ýakyn 35 ýylda 300 mln. adamynyň biwagt ölmeginiň sebäbi bolup, 2050-nji ýylda dünýä boýunça umumy ykdysady girdejiniň bolmalysyndan 2-3,5% azaljakdygyny görkezýär.

Ejir çekýänleriň ejiri köpeler

Dünýä boýunça alnan netijeleriň seljermesi, gyzzyrma, AIW-ýokançlygy we inçekesel bilen keselçiligi ýokary bolan ýurtlar ýokançlyklaryň derman serişdelerine durnuklylygyndan has hem köp ejir çekjekdigini görkezýär. Esasan hem bu Nigeriýa we Indoneziýa (gyzzyrma) hem-de Russiýa, Orta Aziýa ýurtlaryna (inçekesel) degişlidir. Eger gyzzyrma we AIW-ýokançlygyna garşy ulanylýan derman serişdelerine garşy döreýän durnuklylygyň öňi alynmasa, hemme Afrika ýurtlary howp astynda galar. Ykdysady taýdan garyp ýurtlarda häzir hem AIW bilen inçekeseliň utgaşmagy pajygaly ýagdaýlaryň köpelmeginiň sebäbi bolup durýar.

Biziň ýurdumyzda antibiotikleriň ulanylyş ýygylygy we olara bolan durnuklylyk ýagdaýlaryna seljerme berýän maglumatlar ýok hem bolsa, antibiotikleriň we ýokançlyklara garşy ulanylýan serişdeleriň tertipsiz, görkezmesiz ulanylýandygyny aýdyp bolar. Antibiotikleri ýerlikli ulanmak üçin bellenen görkezmeler babatda jemgyýetçilik ýeterlik habarly edilenok, ýöne saglygy goraýyş işgärleri we farmasewtler hem olary ýatlap dursalar peýdaly bolardy.

Bu gin biziň döwlete degişli we hususy dermanhanalarymyzda antibiotikleriň we ýokançlyklara garşy serişdeleriň dürli görnüşleri dermannamasyz, açyk satylýar. Lukmanyň barlagyny geçmän we maslahatyny alman, adamlar gelip antibiotikleriň dürli görnüşlerini satyn alýarlar. Köplenç ýagdaýlarda näsagyň sözünden biynjalyk edýän alamatlary bilip, dermanhanadaky prowizor lukmanyň, umumy barlag geçirmezden, antibiotikler bilen bejergi belleýän halatlary az bolanok. Esasan hem, kiçi ýaşly çagalara antibiotikleriň görkezmesiz we dogry bellenmezligi howply bolup, allergiki täsirliligiň, bagyr we böwrek, içege keselleriň döremeginiň, immun ulgamynyň bozulmalarynyň sebäbi bolup biler. Näsaglaryň özbaşdak gaýraüzülmesiz geçýän wirusly ýokançlyklary antibiotikler bilen bejerme synanşygy bolsa, antibiotikleriň görkezmesiz ulanylmagynyň ýene bir sebäbi bolup durýar.

Iň ýygy duş gelýän dem alyş ýollarynyň we peşew çykaryş hem-de jyns agzalarynyň alawlama keselleriniň özbaşdak bejerilmegi dermanhanalarymyzda bar bolan antibiotiklere durnuklylygyň ýokarlanmagyna we soň lukman tarapyndan görkezme bilen geçirilýän bejergileriň netijesizligine getirýär. Aslynda antibiotikler we ýokançlyklara garşy ulanylýan derman serişdeleri bilen bejergi bellenmezden öň, bedende bar bolan ýokançlyklaryň olara bolan duýgurlylygyny anyklamak dogry bolup durýandyr. Ýöne bu möhüm anyklaýyş usuly geçirmek üçin hem belli bir barlaghana şertlerini döretmek we lukmanlary taýynlamak talaplaryny ýerine ýetirme möhüm bolup durýar. Köp lukmanlar bolsa köp halatlarda şeýle barlagy geçirmegi artykmaç hasaplaýarlar.

Ýeri gelende, antibiotik serişdeleriň diňe dermanhanalardan däl-de, dükanlarda satylýan iýmit önümlerinden hem "alynma" töwekgelçiliginiň ýokarydygyny belläp bolýar. Häzirki wagtda azyk senagatynda ençeme iýmit önümleriniň ýylylyk bilen işlenşinde, arassalanşynda antibiotikler hem giňden ulanylýar. Beýle işlenmäni geçýän önümlere süýt we et, ýumurtga, towuk, peýnir, hatda bal hem degişlidir. Esasan hem mal we towuk etiniň önümçiliginde mallaryň we guşlaryň kesellemezligi we olaryň çalt ýetişdirilmegi üçin "ösdürme gormonlary"- antibiotikler giňden ulanylýar.

Peýdaly çäreler we çözgütler

Geçen asyrda tapylan antibiotik serişdelersiz häzirki zaman lukmançylygyny göz öňüne getirme asla mümkin hem däl. Öýken sowuklamasy, aşgazan-içege ýokançlyklary, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keseller, ganyň ýokançlykly zeperlenmesi we operatiw bejergiden soňky gaýraüzülmeler bilen göreşme çärelerini ýokançlyklara garşy ulanylýan derman serişdelersiz alyp barma howply gaýraüzülmeleriň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Antibiotik serişdeleri dogry we görkezmeler bilen ulanylanda lukman üçin ygtybarly bejergi serişdesine, näsag üçin bolsa sagalma getirýän melheme öwrülip biler.

Eger lukman size görkezmeler bilen antibiotik ýa-da ýokançlyklara garşy başga derman serişdesini bellän bolsa, bejerginiň peýdalylygyny ýokarlandyrmak üçin aşakdaky maslahatlara eýerme dogry bolar:

► Şol bir antibiotik serişdesi az we ýokary mukdarlarda öndürilip biler. Şonuň üçin hem dermany satyn alanyňyzda ünsli bolup, lukmanyň bellän mukdaryny almalydyr.

► Antibiotikleri ulanmazdan öň hökman onuň ulanylyş tertibi bilen tanşyň: ulanylmaga garşy görkezmelere degişli keselden ejir çekýän bolsaňyz, hökman lukmanyňyza maslahat üçin ýüz tutyň.

► Aşgazanyň nemli gatlagynyň gyjyndyrylmagynyň öňüni almak üçin, dermany ajöze kabul etmäň.

► Antibiotikleri hökman suw bilen kabul ediň.

► Antibiotikleri alkogol içgileri, gany suwuklandyryjy we aşgazanda işmit siňdiriji serişdeler bilen bile kabul etmekden saklanyň.

► Eger siziň ýagdaýyňyz basym gowlaşan bolsa hem, bellenen bejergi tapgyryny doly kabul etme hökmandyr: soňuna çenli ýok edilmedik ýokançlyklarda antibiotiklere bolan durnuklylyk emele gelip, bu soňky geçiriljek bejergini netijesiz edip biler.

► Içegede bar bolan peýdaly ýokançlyklar toplumyny saklamak üçin laktobakteriýalary, immun ulgamyny tijendiriji we witamin serişdeleri hem kabul etmek maslahat berilýär.

Elbetde, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan antibiotikleri bellemegiň anyk görkezmeleri berjaý edilse we näsaglaryň arasynda bu babatda düşündiriş gürrüňdeşlikleri geçirilse, saglygy goraýyş ulgamyň edara ediji ýolbaşçylary tarapyndan bolsa antibiotikleriň satuwy we ýaýradylşy berk gözegçilige alynsa, bu ugurda geçirilmeli çäreleriň saldamly böleginiň ýerine ýetirilendigi barada aýdyp bolardy.

Ekspertler bolsa antibiotikler bilen dörän kynçylygyň çözgütlerini olara durnukly bolan ýokançlyklaryň genomyny üýtgedip biljek biotehnologiýa usullary we adamlary ýokançlyklardan gorap biljek sanitar we lukmançylyk çärelerine maýa goýumlarynyň köpeldilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Adamzady ençeme howply ýokanç kesellerden halas eden antibiotik serişdeleriniň ýerlikli, dogry we uzakmöhletleýin ulanylmagy adamzat saglygy üçin wajyp meseleleriň biri bolup durýandyr.