AIDS KESELINE GARŞY GÖREŞ: SEBITIMIZDÄKI ÝAGDAÝLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

1-nji DEKABR – AIDS KESELINE GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜDIR.

UNAIDS 1-nji dekabrda bellenilýän AIDS keseline garşy göreşmegiň Bütindünýä gününe gabatlap täze hasabaty ýaýratdy. UNAIDS AIDS keseline (rus. SPID) we Adamyň immoýetmezçiliginiň wirusyny (AIW, ing. HIV) göterijilik ýagdaýyna garşy göreş alyp barýan halkara guramasy bolup, dünýädaki ýagdaýlar barada ýyllyk hasabatyny çäp edýär. Täze hasabatda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerinde 2014-nji ýylda AIW wirusy ýokuşanlaryň sany 1.5 million adama ýetipdir diýp bellenilýär. 2013-nji ýylda bu sebitde AIW-pozitiw (wirusy göterijiler) adamlaryň sany 1.1 milliona barabardy.

2014-nji ýylda sebitde täze AIW ýokançlygyna uçranlaryň sany 140 000 adama ýetdi. 2000-2014 ýyllar aralygynda AIW-pozitiw bolan adamlaryň sany 30% artypdyr.

AIDS keseli 62 000 adamyň ölümine sebäp boldy. 2013-nji ýylda bu kesel sebäpli 53 000 adam ýogaldy diýip bellenilýär.

2000-2014-nji ýyllar aralygynda AIDS sebäpli ölümçiligiň sany üç esse artdy. AIW-pozitiw ýaşaýan näsaglaryň diňe 18% bejeriş alýar. 1200 çaga AIW ýokançlyga uçradylar diýip hasabatda aýdylýar. 2013-nji ýylda bu san 1000 çaga deňdi.

Ençeme ýyllaryň dowamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada AIW epidemiýasynyň ýaýbaňlanýandygyny belläp, AIW şu sebitlerde ýaşaýan jemgyýetiň saglygyna çynlakaý howp salýar diýip aýdyp gelýär we bu babatda geçirilmeli göreş ugurlarynyň esaslaryny belleýär.

Keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda häkimiýetleriň öňünde duran esasy meseleler:

► Kesel kesgidi goýulmadyk, keseli giç kesgitlenen adamlaryň sanyny azaltmak;

► Retrowirusa (AIDS keselini dörediji wirus) garşy bejergini täze ýokuşan adamlara, ýagdaýlaryna garamazdan hemme näsaglara elýeterli etmek; Retrowirusa garşy geçirilen bejerginiň AIW-pozitiw bolan adamlara uzak ýaşamana mümkinçilik berýändigini ýatda saklamalydyr;

► Töwekgelçilik toparlaryň, esasan hem neşe serişdeleri ulanýanlaryň arasynda doly bejergini hödürläp, goldawy ýokarlandyrmak;

► Enelerden bäbeklere AIW ýokançlygyň ýokuşmagyny doly aradan aýyrmak;

► AIW-ýokançly toparlara berilýan hyzmatlary, bejerişi başga toparlara berilýän hyzmatlar bilen birikdirmek, esasan hem inçekesel, gepatit we neşekeşlige uçran näsaglara berilýan bejergiler bilen.

BSGG dünýädäki dermanlara durnuklylyk görkezýän inçekeselli näsaglaryň dörtden bir böleginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde ýaşaýandygyny belleýär. BSGG sebitde derman serişdelerine durnukly inçekeselli näsaglaryň sany artyp, olaryň bejergisiniň netijesiz bolmagyna, lukmançylyk hyzmatlarynyň deň derejede hemmelere elýeterli bolmazlygyna, bir wagtda AIW we inçekesel ýokançlyklardan ejir çekýän adamlaryň doly bejerişi alyp bilmezliklerine, töwekgellik toparlarynda sosial goraglylygyň we psihologiki goldawyň pes derejede bolmagyna we AIW, inçekeselli näsaglaryň jemgyýet tarapyndan äsgerilmezligine, masgaralanmagyna degişli meselelere ünsi çekýär.

UNAIDS guramanyň Türkmenistandaky ýagdaýlara degişli web sahypasy.

Ulanylan çeşmeler:

UN AIDS Turkmenistan

2015 UNAIDS World AIDS report

UNAIDS Eastern Europe and Central Asia

  • 2889 gezek okalan