GRILDE WE OTDA BIŞIRILEN ET – BÖWREKLERIŇ RAK KESELINE GETIRIP BILJEK NAHARLARDYR.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Bu barada Tehas Uniwersitetiniň alymlary habar berýärler.

Beýik Britaniýada her ýyl böwrekleriň howply çiş keselleriniň 10 müň ýagdaýy anyklanyp, näsaglaryň 4 müňe golaýy ölýärler. Böwregiň rak keselleriniň içinde iň ýygy duş gelýäni- böwrek-öýjükli karsinomadyr. Grilde ýa-da otda gowurlan etde PhIP we MeIQx görnüşli kanserogenler emele gelip, olaryň böwrekde toplanmagy howply täze döremeleriň sebäbi bolýar. Seljermeleriň görkezişi ýaly, PhIP kanserogeniň derejesiniň ýokarlanmagy böwregiň täze döremeleriniň ýüze çykma töwekgelçiligini 54% ýokarlandyrsa, MeIQx maddanyň toplanmagy hem bu töwekgelçiligi iki esse köpeldýär.

Alymlar şeýle-de etiň şeýle taýynlanyş usullarynyň has hem belli bir genetiki özgermeli adamlar üçin howplydygyny belläp, gowurlan etli naharlary az kabul etmegi, iýlende hem gök önümler we ir-iýmişler bilen bile iýmekligi maslahat berýärler.