LUKMANLAR BEDENDE DAŞLARYŇ ÝENE-DE NIREDE DÖRÄP BILJEKDIGINI BELLEDILER.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (13 Ses)

habar 119Ýer togalagynyň takmynan 180 mln. ýaşaýjysynyň peşew çykaryş agzalarynda daşlar bardyr. Her bäşinjide bolsa öt haltanyň daş keseli ýüze çykarlandyr. Ýöne bozulma bolan halatynda daşlaryň başga agzalarda hem döräp biljekdigini hemmeler bilmeýän bolsa gerek.

↪ Bronhlar we öýken-daşlar esasan öýkeniň esasy we orta böleginde trifosfat we kömürturşy kalsiý görnüşinde döräp bilýändir. Esasan aýallarda döreýändir we rentgen barlagynyň üsti bilen anyklanylýandyr. Kesel ýaýbaňlanýan görnüşde geçende öýkeniň alweolalaryny dykyp, dem alşyň çynlakaý bozulmalaryna getirip bilýär. Ýöne bronhlarda mineral çökündileriň döremegi (bronholitiaz) has ýaýran we howply ýagdaýlaryň biridir. Hünärmenler bu keseliň inçekesel bilen kesellän näsaglarda ýygy duş gelýändigini belleýärler.

↪ Burunda döreýän daşlary "rinolit" diýip atlandyrýarlar. Duzlar burun geçelgesiniň aşaky böleginde, del jisim bölejikleriň, meselem, gan lagtajyklarynyň, ir-iýmiş şäniginiň daşynda toplanyp bilýärler. Rinolitler burun boşlugynda köp ýyllaryň dowamynda saklanyp, onuň alamatlary burundan kynçylyk bilen dem alma, ondan ganly, nemli bölünip çykmalaryň döremegi bilen häsiýetlenýandir.

↪ Daşlar tüýkülik mäzlerinde hem döreýändir. Hawa, geň galmaň! Olar "sialolitiaz" diýip atlandyrylýar. Bu kesel 20-45 ýaş aralygyndaky adamlaryň 1%-de anyklanylýandyr. Daşjagazlar örän kiçi bolup adama oňaýsyzlyk ýetirmän biler. Ýöne olar uly bolan halatynda tüýkülik mäzleriniň ýodajyklaryny ýapyp, alawlama ýagdaýyna sezewar edip bilýändir. Lukmanlar olaryň döremegini alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy bilen düşündirýärler. Howply topara çilimkeşler we buşukdyrýan hem-de rahatlandyryjy dermanlary kabul edýän adamlar degişli edilýändir.

↪ Gözlerde hem ýokanç keselleriň täsiri netijesinde çal ýa-da ak reňkli daşjagazlar döräp bilýändirler. Olar esasan kirpikleriň ösýän ýerinde ýa-da gözüň älemgoşar bardasynda emele gelýärler. Bu daşlar ýörite bejergini talap edýän däldirler, çünki olar biraz wagtdan özbaşdak dargamaga ukyplydyrlar.