LUKMANLAR HAÝSY EGIN-EŞIKLERIŇ SAGLYK ÜÇIN HOWPLYDYGYNY ÝATLADÝARLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

habar 122Biziň köpümiziň "nädogry" egin-eşikleriň saglyk üçin zyýanlydygyny bilmeýändigimiz hem mümkindir. Aşakda bellenilip geçilen "howply" zatlary siz her gün ulanýansyňyz, ýöne makalajygy okap, belki siz olary ulanma babatda pikiriňizi üýtgedersiňiz.

Uzyn ökjeli köwüşler.

Aýallaryň aglabasy uzyn ökjeli köwüşleri halaýarlar, çünki olar zenany syratly, gözel görkezýärler. Şeýle köwüşleri siz duşuşyga, dabaraly çärelere (meselem, toýlara) gideniňizde, elbetde geýip bilersiňiz. Ýöne olary her gün ertirden agşama çenli geýmegiň geregi ýokdur. Ortoped lukmanlaryň duýdurmagyna görä, olar dabanyň görnüşiniň üýtgemegi (deformasiýasy), siňirleriň süýnmegi, oňurganyň gyşarmagy ýaly çynlakaý kesellere sezewar edip bilerler.

Dar jinsi balaklary.

Dar jinsi balaklaryň dowamly geýilmegi diňe bir siziň owadan we syratly aýaklaryňyzyň görnüşini görkezmän, eýsem wenalaryň warikoz keseliniň döremegine hem itergi berip biler. Has hem dar jinsiler kompýuteriň öňünde uzyn gün oturyp işleýän adamlar üçin howpludyr. Sebäbi döreýän gan aýlanşygyň bozulmasy gan damarlarynyň çynlakaý keselleriniň döremegine itergi berip biler.

Ýalňyş saýlanan göwüshaltalar (býusgalter).

Aşagy bölegi juda gaty göwüshaltalar göwüsleriň görnüşini üýtgedip, şikesleri döredip bilýändir. Bolmalysyndan uly saýlanan göwüshaltalaryň arkada agyrynyň döremegine we göwüsleriň sallanmagyna getirse, kiçi bolýanlaryň bolsa aşa derlegenligi döredip, emziklerden bölünip çykmalaryň döremegine sebäp boljakdygyny ýatdan çykarmaň.

Aşa uly torbalar.

Elbetde, uly torbalar götermäge oňaýly, sebäbi olara köp zat sygýar. Ýöne olar hemişe, onda-da bir eginde göterilse oňurganyň gyşarmagyna getirip biler. Ondan başga-da, göterilýän tarapyň myşsalary we siňirleri gowşap, egin bognunyň alawlamasyna sezewar edip biler.

Insiz içki eşik (stringi).

Içki eşigiň bu görnüşi dar köýnekleriň we balaklaryň aşagyndan geýlende enaýy görnüp biler. Ýöne olaryň hemişe geýilmegi kömelekli ýokançlyklaryň döremeginiň sebäbi bolup biler, sebäbi olar ýamza we daşky jyns agzalara sürtülip, olaryň tenmegine getirip bilýär.

  • 4266 gezek okalan