WITAMIN-MINERAL TOPARLARY NÄDIP DOGRY KABUL ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

habar 124Biz witamin-mineral toparlary hemişe satyn alýarys. Ýöne olary nädip dogry kabul etmelidigini bilýärsiňizmi? Irdenmi ýa-da agşam? Nahar bilenmi ýa-da ajöze? Öý dermanhanajygynda witamin goşundylarynyň birnäçesi durandyr. Ýatdan çykmaz ýaly sizde hemmesini birden kabul etmek islegi hem döreýändir. Ýöne beýle "garym-gatymlyk" siziň saglygyňyzy artdyrmaýar. Witaminleriň we minerallaryň täsirliligini gowşatmaz ýaly ýa-da öz bedeniňizi olaryň ýaramaz täsirlerinden goramak üçin birnäçe ýönekeýje düzgünleri bilmek artyklyk etmeýär.

Nahardan öň kabul edilmeli witaminler we minerallar – B1,B12, demir we witamin С (askorbin turşylygy). Bu serişdeleriň hersiniň bedene tijendiriji häsiýeti bardyr we irden kabul edilen toparlaryň size günüň dowamynda kömek bermäge mümkinçiligi bolar. Witamin С demriň özleşdirilmegine gatnaşýandyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, olary birden kabul etmek peýdaly bolýar: birini iýmitiň düzüminde, beýlekisini gerdejik görnüşinde.

Ýagly iýmit bilen kabul edilmeli witaminler – olar ýagda ereýän witaminler bolup, iýmit ýaglary bilen ýeňil özleşdirilýändir. Olara witamin A, E, D, K, likolin, lýutein degişli edilýär. Ýöne E witaminiň bedende agdyklyk etmeginiň K witaminiň täsirini pesedýändigini ýatda saklamalydyr.

Agşam kabul etmeli minerallar – magniý, kalsiý. Bu minerallar has hem beden dynç alýan wagty ýeňil özleşýärler. Magniniň witaminler bilen kabul edilmegi bolsa ukysyzlyga garşy peýdaly derman bolup biler. Ýöne kalsini demriň goşundylary bilen bile kabul etmekden saklanyň, çünki olar biri-biriniň özleşmegine täsir edip bilerler. Lukmanlar tarapyndan olary arasy 4 sagatdan az bomadyk arakesme bilen kabul etmek maslahat berilýär.

Witaminlerden soň nämeleri kabul etmeli däl? Kofe, çaý, käbir ir-iýmiş şireleri, gazlandyrylan içgiler witamindir minerallaryň özleşmegine ýaramaz täsir edip bilerler. Gerdejikleri diňe arassa suw bilen kabul ediň we 2 sagada çenli içgileri içmekden ýa-da nahar kabul etmekden saklanyň.

Witaminleri kadaly kabul ediň. Adam bedeni hemişe, işlämizde-de, uklap ýatanymyzda hem peýdaly maddalary sarp edýär. Käbir witaminler (meselem, retinol) bagyrda toplanýar, demir bolsa süňk ýiliginde hem, dalakda hem toplanyp bilýändir. Ýöne peýdaly maddalaryň köpüsi, meselem askorbin turşylygy bedenden "ýuwulyp" bilýändir. Witamin ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin biz her gün bu ýitgileriň öwezini dolmaly bolýarys. Witamin-mineral toparlaryny dowamly kabul etmeli bolsaňyz, onuň wagty we mukdary barada lukman bilen maslahatlaşyň.