ÝAŞASYŇYZ GELÝÄRMI? ŞOL BIR LUKMANYŇ GÖZEGÇILIGINDE BOLUŇ.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

habar 125Iňlis alymlary birinji bolup wagtyndan öň döreýän ölümçilik bilen şol bir lukmanyň gözegçiliginde galmagyň arasyndaky baglanşygy ýüze çykardylar.Siz megerem şol bir lukmanyň gözegçiliginde bolunmagynyň peýdalylygy barada eşidensiňiz.

Näme üçin şol bir lukmanda saklanmak peýdaly? 22 sany geçirlen uly barlaglarda saglygy saklaýyş ulgamy we medeniýeti dürli bolan 9 sany döwletden alnan maglumatlara seljerme berildi. Barlagyň awtorlary, sorag etmeleriň 82%-de şol bir lukmanda gözegçilikde bolunma bilen pes ölümçiligiň arasynda uly arabaglanşygyň bardygyny bellediler. Ekspertleriň bellemegine görä, onuň esasy sebäbi – lukman bilen näsagyň arasynda döreýän ynamly gatnaşyklardyr. Bu iki tarap üçin hem peýdalydyr.

"Näsagyň hemme maslahatlary berjaý etmegi ýa-da etmezligi, belli bir lukmana dörän ynamlylygyna baglydygy biziň hemmämize mälimdir" diýip, barlaga gatnaşan lukman Greý belleýär.

Barlaglaryň netijesi belli bolan taglymaty tassyklaýar: lukmançylyk işgärleriniň taýynlygyna göýberilýän maliýe serişdelerini köpeltmeli we olaryň diňe hünärmenlik taýynlygyna däl-de, eýsem näsag bilen döretjek gatnaşyklaryna hem üns bermeli. Gowy lukman – ynanylýan lukmandyr!

  • 3700 gezek okalan