BSGG ILKINJI GEZEK INSULIN KÖMEGINI KABUL ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Global farmasewtiki şereketiBSGG insulin komegi Novo Nordisk 50 sany pes we orta girdejili ýurtlara insulin kömegini berer. Bu insulin diabetli näsaglar üçin ulanylar. Gymmaty 1.3 million amerikan dollaryna barabar bolan insuliniň we glýukagonyň kömek hökmünde berilmegine COVID-19 pandemiýasy itergi berdi. Çünki pandemiýa döwründe diabet ýaly ýokuşmaýan kesellerden ejir çekýän adamlar ölümden halas ediji bejergileri almakda kynçylyk çekýärler.

Haýsy ýurtlaryň insulin kömegine mynasypdygyny kesgitlemek üçin, BSGG her ýurduň saglyk ministrliginden pandemiýa döwründäki üpjünçilik we ýetişik derejesi barada alan maglumatyna esaslandy.

Diabetli adamlar insuline ömürboýy bagly bolýarlar. Şonuň üçin ýurtlarda insulin üpjünçiliginiň durnukly we elýeterli bahadan bolmagy örän zerurdyr.

  • 1078 gezek okalan