PASIÝENT HOWPSUZLYGY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

pasiyent h guni17-nji sentýabr – Bütindünýä Pasiýent Howpsuzlygynyň Güni

Pasiýent (näsag) howpsuzlygy – bu näsaga ideg edilende, ony öňüni alyp bolýan dürli fiziki we fiziki däl zeperlerden we töwekgelçiliklerden goramakdyr.

Dünýäde pasiýent howpsuzlygy barada faktlar:

1. Hassahanada ideg edilýän her 10 näsagdan birine zeper ýetýär.

2. Dünýädäki ölümleriň we maýyplygyň esasy 10 sebäbiniň biri nädogry idegdir.

3. Her 10 näsagdan 4-sine başlangyç lukmançylyk kömegi berlende we ambulatoriýada (gatnawly bejergi) zeper ýetýär.

4. Näsaga bejergi berlende goýberilýän lukmançylyk ýalňyşlyklary dünýä ýylda 42 milliard dollarlyk zyýan berýär.

5. Näsaglara ýetirilýän zeperler esasan nädogry ýa-da wagtynda edilmeýän diagnozlar sebäplidir.

6. Orta we pes girdejili döwletlerde, hassahanalardaky ýokançlyklar ol ýerdäki her 100 näsagdan 10-syna täsir edýär.

7. Operasiýa edilende goýberilýän ýalňyşlyklardan her ýyl 1 milliondan gowrak näsag ölýär.

Pasiýent howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hem saglyk işgärlerine hem ilata bu barada yzygiderli bilim we tälim bermeli. Pasiýent howpsuzlygyny berjaý etmek ýurda müňlerçe adamy ölümden gutarmaga we millionlarça pul tygşytlamaga kömek edýär.

Mähriban okyjy, sen Türkmenistandaky pasiýent howpsuzlygyna nähili garaýarsyň? Muňa degişli tejribeleriň barmy?

  • 909 gezek okalan