MEN 10 ÝAŞADYM!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Saglyk 10 yasady

Mähriban okyjym, men 10 ýyl bäri jemgyýetiň, maşgalanyň, şahsyýetiň we daşky gurşawyň saglygy barada türkmen dilinde maglumat paýlaşyp gelýärin. Diňe maglumat paýlaşmak bilen çäklenmän, okyjylarymy hemişe açyk we konstruktiw söhbetdeşliklere gatnaşmaga we özlerini gyzyklandyrýan soraglary soramaga höweslendirýärin. Saglyga gezek gelende, hiç bir sorag ýa gürrüň tabu däldir. Men seniň uly maşgalamyň bir bölegidigiňe örän begenýärin. Meniň üçin köpdürli okyjylarymyň her biriniň pikiri gymmatly. Çünki, jemgyýetimiziň ösüşi pikirlerimiziň köpdürlüligine garamazdan, sylaşykly aragatnaşyklarymyzyň we birek-birege görkezýän raýdaşlyk goldawymyzyň güýjüne baglydyr.

Mähriban okyjym, meniň bilen gal! Sorag soramaga ýa-da pikiriňi aýtmaga çekinme! Bir-birimizden öwrenmegi we peýdaly maglumatlarymyzy paýlaşmagy dowam edeli! Kak bäşi!

Dear Saglyk readers! Saglyk turned 10! Thank you for your continued readership!  

Дорогие читатели! Нам 10 лeт! Cпасибо, что Вы с нами!

  • 1062 gezek okalan