WAKSINA ALÝAN AZALDYGYÇA GYZAMYKDAN ÖLÝÄN KÖPELÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gyzamykdan olyanIň bir ýokanç keselleriň biri bolan gyzamyk waksina alýanlaryň azalýandygy sebäpli güýçli depginde ýaýrap barýar. Gyzamyk wirusy geçen ýyl takmynan 870 müň adama ýokuşdy. Bu san 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary sandyr. Şeýle-de, 2019-njy ýylda gyzamykdan 207 müň adam ýogaldy, ýagny 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ölýänleriň sany 50% ýokarlandy. Hasabata görä, gyzamygyň şeýle ýaramazlaşmagynyň esasy sebäbi: çagalara 2 doza gyzamyk waksinasy wagtynda berilmändir. Has erbet ýeri hem, COVID-19-yň döreden päsgelçilikleri 26 ýurtda 94 milliondan gowrak adamy gyzamyk waksinasyny alyp bilmezlik howpy astynda goýdy. 2000-nji ýyldan bäri gyzamyk ölümleri 62% azalypdy we gyzamyk waksinasy dünýä ýüzünde 25.5 million ölümiň öňüni alypdy.

Gyzamyk – bu çagalyk döwrüniň ýokanç keselidir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama ýokuşyp bilýär. Endama örgün örüp başlan günler ol has hem ýokançdyr. Waksinasiýa – çagalary infeksion kesellerden goramagyň iň zerur we howpsuz çäreleriniň biridir. Öňüni alyş sanjymlary (immunizasiýa, waksinasiýa) – emeli ýol bilen bedene kesellere garşy göreşmek ukybyny berýär.

TÜRKMENISTANDA KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALYŞ SANJYMLARYŇ TERTIBI

  • 952 gezek okalan