WAKSINA ALÝAN AZALDYGYÇA GYZAMYKDAN ÖLÝÄN KÖPELÝÄR
Iň bir ýokanç keselleriň biri bolan gyzamyk waksina alýanlaryň azalýandygy sebäpli güýçli depginde ýaýrap barýar. Gyzamyk wirusy geçen ýyl takmynan 870 müň adama ýokuşdy. Bu san 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary sandyr. Şeýle-de, 2019-njy ýylda gyzamykdan 207 müň adam ýogaldy, ýagny 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ölýänleriň sany 50% ýokarlandy. Hasabata görä, gyzamygyň şeýle ýaramazlaşmagynyň esasy sebäbi: çagalara 2 doza gyzamyk waksinasy wagtynda berilmändir. Has erbet ýeri hem, COVID-19-yň döreden päsgelçilikleri 26 ýurtda 94 milliondan gowrak adamy gyzamyk waksinasyny alyp bilmezlik howpy astynda goýdy. 2000-nji ýyldan bäri gyzamyk ölümleri 62% azalypdy we gyzamyk waksinasy dünýä ýüzünde 25.5 million ölümiň öňüni alypdy.
Gyzamyk – bu çagalyk döwrüniň ýokanç keselidir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama ýokuşyp bilýär. Endama örgün örüp başlan günler ol has hem ýokançdyr. Waksinasiýa – çagalary infeksion kesellerden goramagyň iň zerur we howpsuz çäreleriniň biridir. Öňüni alyş sanjymlary (immunizasiýa, waksinasiýa) – emeli ýol bilen bedene kesellere garşy göreşmek ukybyny berýär.
- 981 gezek okalan