HOWA MAGLUMATLARY ÝALY – EMMA PATOGENLER ÜÇIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid storm stillAlymlar edil howa maglumatyny barlamak ýaly oňaýly bolan, global kesel çaklama ulgamyny döretmek isleýärler. eLife žurnalynyň iýundaky makalasynda, öňdebaryjy alymlar topary "Global Immunologiki Gözegçilik" diýip atlandyrylýan pikiri orta atdylar. Bu pikir amala aşsa, poçta indeksiňe görä, immunitetiň ýagdaýy barada maglumat alyp bolar.

Esasy ideýa: Çagaňyzy lukmana äkitmezden öň, ýaşaýan ýeriňizde dümewiň ýa sowuklamanyň ýaýrandygyny bilmek üçin, ýerli keselçilik ýagdaýyny barlap bilersiňiz.

Bu gözegçiligi alyp barmak köp mukdarda gan we köpçülikleýin tagallalary talap edýär.

Emma, alymlara görä, muny barlap görmezlik akylsyzlyk bolar; eger şeýle ulgam öňden bar bolan bolsady, onda SARS-CoV-2 ir ýüze çykarylardy we köp adam halas edilerdi.

Johns Hopkins Saglygy Goraýyş Merkeziniň alymlary hem, ABŞ üçin şeýle ulgamy döretmek isleýärler. Akademiýa esaslanýan kesel çaklama ulgamy eýýam ABŞ-nyň we Birleşen Patyşalygyň syýasatçylaryna täsir etdi. Eger beýle ulgamlar öňden hökümetde ulanylan bolsady, onda olar has çalt meşhur bolardylar.

Sitata: "Biz ýokanç keseller üçin Milli Howa Gullugyna meňzeş bir zat döretmek isleýäris" diýip, alym Kaitlin Riwers aýdýar.

Ulanylan suratyň çeşmesi

  • 956 gezek okalan