NÄME ÜÇIN RUSSIÝA ABORT KANUNLARYNY ÜÝTGETMEK ISLEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

russiya abort kanunlaryRussiýanyň Saglyk ministrligi aýallaryň göwreliligiň islendik döwründe abort etmeklige mümkinçilik berýän lukmançylyk görkezmeleriniň sanawyny üýtgetmegi teklip edýär. Resmi ýolbaşçylaryň teklip edýän täze düzgünlerine görä, abort göwreliligiň soňky döwründe diňe aýallaryň saglygyna howp salanda edilip biliner. Ýagny, aýallar dogabitdi keselli çagany göwresinde götermäge taýyn ýa-da däldigine özbaşdak karar bermek mümkinçiliklerini ýitirip bilerler.

BBC Rus Gullugy Saglyk ministrliginiň tekliplerini öwrendi.

Bu sanaw näme?

"Täze düzgüniň taslamasy aýallaryň öz islegine görä göwreliligi bes etmegini togtatmaýar, tersine, göwreliligiň möhletine seretmezden ony bes etmek üçin lukmançylyk görkezmelerini öz içine alýar" diýip, Saglyk ministrliginde teklibiň tankytlaryna jogap berdiler.

Häzirki kanuna görä, aýallar ähli ýagdaýda 12 hepdä çenli, eger zorlanan bolsa 22 hepdä çenli abort etdirip bilýärler. Lukmançylyk görkezmeleri esasynda, göwreliligiň islendik möhletinde abort etdirilip bilinýär.

Häzirki abort üçin lukmançylyk görkezmeleriniň sanawy 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär. "Lukmançylyk ylmynyň ösmegini we göwrelilik döwründe dürli patologiýalary bejerme usullarynyň üýtgemegini" göz öňünde tutup, sanawa täzeden seretmek isleýärler – diýip, Saglygy goraýyş ministrliginde BBC-ä aýtdylar.

Şonuň bilen bilelikde, tekliplere göwreliligi bes etdirip biljek keselleri goşýarlar we 2007-nji ýyldaky kanunyň käbir düzgünlerini aýyrýarlar.

Mysal üçin, indi aýalda 4-nji derejeli AIW, orak şekilli öýjükleriň bozulmalary, dürli psihiki bozulmalar, nerw sistemasynyň käbir keselleri (meselem: epilepsiýa) we başga hroniki keseller bolanda, abort etmeklige rugsat bermegi teklip edýärler.

Şol bir wagtda, abort üçin lukmançylyk görkezmelerinden ýüze çykarylan howply çişleri (eger himioterapiýa bejergisi bellenilmedik bolsa), neşe serişdeleriniň ulanylmagy zerarly dörän psihozy, depressiýanyň epizodlary, hromosom näsazlyklary (Daun, Patau, Turner ýaly sindromlar) we beýleki keseller aýyrmak isleýärler.

Şeýle hem, hereket edýän kanuna laýyklykda, aýallaryň göwreliligiň islendik döwründe çaganyň janyna zyýan edýän anomaliýa dörände, abort etdirmäge hukugy bar. Saglyk ministrligi bu düzgüni aýryp, onuň ýerine "anyklanylan ýa-da şübheli anomaliýada we düwünçege zeper ýeten halatynda, enä lukmançylyk kömeginiň" berilmegini kanunlaşdyrmagy teklip edýär. Muny şeýle düşündirip bolar: eger düwünçegiň anomaliýasy aýalyň janyna we saglygyna howp salmasa, göwreliligiň soňky möhletinde aýalyň abort etdirmäge hukugy ýokdur.

Täze sanawa garşy çykýanlar nämeden gorkýarlar?

Deputat Oksana Puşkina täze sanawy şeýle häsiýetlendirdi: "Bu biopolitika. 70-nji ýyllaryň ahyrynda Mişel Fuko döwletiň raýatlaryň biologiki durmuşyna goşulmagyny şeýle atlandyrdy".

Puşkinanyň pikirine görä, aýallaryň abort hukugy baradaky soňky karar lukmanlaryň maslahatyny diňleýän zenanlar birleşiklerine degişli bolmalydyr. Puşkina abort etmek kararynyň arkasynda lukmançylyk we etiki sebäpler bolman, eýsem, "bäbege ähli zerur zatlary, kadaly durmuşy üpjün edip bilmezlik" ýaly sosial-ykdysady sebäpleriň bardygyna ynanýar.

Ol Saglyk Ministriligiň täze sanawyny "Polşa ýoly" diýip atlandyrdy. Polşada 2020-nji ýylyň güýzünde düwünçegiň bejerip bolmaýan keselleri zerarly abort etmegi gadagan etdiler. Bu görkezijä görä, ýurtdaky ähli abortlaryň 98% - i geçirilýär. Bu karar köpçülikleýin protestlere sebäp boldy.

Puşkina käbir dügzünleriň sanawdan aýyrylmagy, bikanun abortlaryň sanyny artdyrar diýip gorkýar.

Akuşer – ginekolog, BSSG-nyň eksperti Lyubow Erofeýewa abort görkezmeleriniň sanawynyň azaldylmagy sebäpli korrupsiýanyň güýçlenmeginden çekinýär: "Eger-de haýsydyr bir dyngy belgi ýetmezçilik etse, ýöne adam hökman bir zat etmeli bolsa, onda resmiler şeýle diýerler: ‘Ýok siz bu topara gireňizok, ony sanawdan aýyrdylar’ – bu bolsa hemişe korrupsiýa üçin mümkinçilikdir".

Ony, şeýle hem, çaganyň ösüşiniň bozulan halatynda, aýallaryň abort etdirmeginiň kyn boljakdygy howsala goýýar. "Agyr keselli doglan çagalary ret etmegiň sanyny artdyrmagy mümkin. Ýagny, biz hökümetiň üstüne diri, ýöne özbaşdak ösüp we ýaşap bilmeýan çagalary ýükleýäris" – diýip, Erofeýewa belleýär.

Täze sanawa käbir feminist internet-jemgyýetleri hem garşy çykdylar. Birnäçe aktiwistler abonentleri saglyk ministrliginiň döwlet maglumatlary portalyndaky teklipler sahypasyna negatiw teswirleri goýmaga çagyrdy.

Aborta garşy çykýanlar näme diýýärler?

Saglyk ministrliginiň täze sanawynyň kabul edilemeginden döräp biljek meseleler barada esasan feminist portallarynda jedelleşýärler. "Adaty adamlar hat-da ony maslahatlaşanoklaram" – diýip, abortyň profilaktikasy bilen meşgullanýan "Zenanlar ýaşaýyşyň tarapdary" gaznasynyň ýolbaşçysy Natalýa Moskwitina aýdýar.

Ol abort üçin görkezmeleriň sanawynyň has ähmiýetli bolmagy üçin, onuň yzygiderli düzedilmelidigine ynanýar. Şeýle hem ol, häzirki wagtda köp aýallaryň lukmanlar tarapyndan güýçli basyşa duçar bolýandygyny belleýär: "Aýala çagany abort etmelidigini aýdýarlar, aýal bolsa çaganyň patologiýa bilen ýaşap biljegine ynanýar".

Hususan-da, Moskwitina köp adamlaryň towşan dodakly we gyşyk dabanly çagalary dogurmak isleýändiklerini aýdyp, "ulgama garşy göreşdiler" diýip nygtaýar. Şeýle-de bolsa, düwünçegiň köp patologiýasyny çaga dogulan dessine bejerip bolýar – meselem, gastroşizis (garyn boşlugynyň öňki diwarynyň kemçiligi).

Şeýle hem, Moskwitinanyň aýtmagyna görä, diagnoz nädogry bolup biler we lukmanlar has ätiýaçly bolýarlar: "Käbir barlagda düwünçekde patologiýa bar ýaly görünýär we 1-2 hepdeden düwünçek üýtgeýär, ulalýar we patologiýa bolmadyk ýaly bolýar. Bu ynsan – käbir zatlar has çalt, käbiri haýal ösýär, a käbir zatlar enjamda görünmeýär".

Aborta garşy çykyjylar lukmanlaryň näsag çagalaryň ene-atalaryndan geljek şikaýatlardan howatyrlanyp, özlerini goramak üçin, abort etmegi maslahat berýändiklerini aýdýarlar.

"Ulgam şeýle işleýär: eger patologiýa bar bolsa, onda töwekgelçilik hem bar, diýmek goşmaça operasiýa zerur bolup biler, bu bolsa lukmanyň kazyýet jogapkärçiligine çekilip biljekdigini aňladýar. Her kim özi üçin gorkýar" – diýip Moskwitina belleýär. Onuň aýtmagyna görä, çagany doglandan soň ýaşamaga ukypsyz edýän patologiýalar Saglyk ministrliginiň sanawynda galdy. Diňe operasiýa edip boljak we çaganyň ýaşamagyna uly täsir etmeýän patologiýalar sanawdan aýryldy.

Makalanyň asyl nusgasy we ulanylan suratyň çeşmesi

  • 1209 gezek okalan