"AWTOULAG HADYSALARY" TÖTÄNLEÝIN HELÄKÇILIK DÄL

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Fortaleza saheri

Braziliýa howply koronawirusyň öňüni alyp bilmesede, başga global saglyk meselesinde – ýol howpsuzlygynda üstünlik gazandy.

Braziliýanyň dördünji uly şäheri bolan Fortaleza, dünýäde 5-29 ýaş aralygyndaky adamlaryň ölüminiň ýeke-täk sebäbi bolan - ýol hadysalarynyň ölümçilik sanyny 2014-nji ýylda 377 bolanlygyndan, 2019-njy ýylda 197-ä çenli kemeltmegi başaryp, BMG-nyň 2020-nji ýylda ýol hadysalaryny 50%-e çenli azaltmak boýunça maksadyna ýetdi.

Beýleki şäherler Fortalezanyň üstünliklerinden sapak öwrenip bilerler – diýip Vital Strategies - iň wise prezidenti we Bloomberg Philanthropies-yň ýol howsuzlygy maksatnamasynyň ýolbaşçysy Kelly Larson ýazýar.

Esasy sapaklar:

↪ Pyýadalary, welosiped sürýänleri we motor sürüjileri ileri tutyp ýol howpsuzlyk çärelerini täzeden gözden geçirmek.

↪ Diňe ulaglar üçin däl-de, eýsem ähli ýol ulanyjylar üçin akylly şäher dizaýnyny döretmek.

↪ Kaska geýmegi we howpsuzlyk guşagyny dakmagy öňe sürüp, tizligi artdyrmaklyga, içgili sürmeklige garşy berk kanunçylygy kabul etmek we jogapkärçilige çekmegi güýçlendirmek.

Şeýle hem Fortaleza töwekgelçilikli hereketleri azaltmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kampaniýalaryna maýa goýdy. Meselem: ýol hadysalaryny “tötänleýin heläkçilik” diýlip atlandyrylmagy olaryň ulgamlaýyn jemgyýetçilik saglyk meselesi hökmünde garalmagyny kemeldýär.

Mullin we Larson, ýol ölümçiligi ösüşiň netijesi bolmaly däldir we olar ikuçsyz "tötänleýin heläkçilik däl" diýip belläp, hökümetleri BMG-nyň täze döredilen ýol howpsuzlygy boýunça ikinji onýyllygynyň hereketlerini kabul etmäge çagyrdy.

Surat: Braziliýanyň Fortaleza şäherinde Dragão do Mar-yň howpsuz köçeleriniň çatryklarynyň howadan alynan şekili / Wiktor Masedo tarapyndan düşürilen, Bloomberg Philanthropies

Ulanylan WEB Salgy

  • 935 gezek okalan