GÜNDOGAR ÝEWROPADA WE MERKEZI AZIÝADA NEŞE SERIŞDELERINE GÖZEGÇILIK DÜZGÜNLERI: YKDYSADY, SAGLYK WE SOSIAL TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nese serisdelerine gozegcilikGündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň (GÝMA) ozalky kommunist ýurtlary saglygy goraýyş ulgamlaryny özgertmäge we şol bir wagtda barha ýokarlanýan saglygy goraýyş çykdajylaryna hötde gelmäge çalyşýarlar. GÝMA dünýäde Adamyň immunoýetmezçilik wirusynyň (AIW) ýaýrawy köpelýän az sanly sebitleriň biridir. Kanun çykaryjylar AIW üçin jemgyýetçilik saglyk çärelerine ýeterlik üns bermän gelýärler: Şowsuzlyga uçran AIW-iň öňüni alyş programmalary hem munuň bir mysalydyr.

GÝMA-da neşe serişdelerini ulanmagyň jenaýat saýylmagy, sebitde tussag edilýänleriň köpelmegine sebäp boldy. Neşe serişdelerini sançýan adamlary (NSSA) tussag etmek we türmä salmak gymmat düşýär hem-de AIW ýokuşmalarynyň köpelmegine eltýär. NSSA-lary türmä salmak üçin edilýän çykdajylar bu topardakylar üçin öňüni alyş we bejeriş hyzmatlarynyň çykdajylaryndan has köpdür. GÝMA sebitinde neşe serişdelerini ulanmagyň biabraýçylyk hasaplanmagy hem, jemgyýetçilik saglyk ulgamlarynda AIW programmalarynyň gerimini giňeltmäge böwet bolýar.

Günbatar Ýewropanyň käbir böleklerinde delilli, hasaply we köpçülikleýin geçirilýän zyýany azaldyjy hyzmatlar bar. Bu hyzmatlarda neşe serişdeleriniň eýeçiligi we ulanylmagy bikanun hasaplanmaýar we adam hukuklaryna hormat goýulýar. Bular ýaly zyýany azaldyjy usullar neşe serişdeleriniň ulanylmagyny azaltdy, türmeleri aşa dolmakdan saklady we neşe serişdelerini sançýanlaryň arasynda AIW ýokuşmalaryny gowy azaltdy. GÝMA sebitinde neşe serişdelerini sançýanlardaky AIW bilen baglanyşykly biabraýçylyga we bikanunçylyga çäre görmelidigi aýdyň hem bolsa, kanuny üýtgetmek ugrundaky tagallalar ujypsyzlygyna galýar.

Ekonomistiň intelligensiýa bölüminiň (EIU) bu hasabaty GÝMA-dan barlaga gatnaşýan dört ýurtduň (Belarussiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa) kanun çykaryjylarynyň ünsüni çekmegi maksat edinýär. Bu maksadyň esasy wezipesi haçanda neşe serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly bikanunçylyklar azaldylanda, onuň çykdajylarynyň, zyýanlarynyň, hem-de NSSA we beýleki ejiz toparlara garşy diskriminasiýanyň hem azalýandygyny görkezmekdir. AIW-den we NSSA-dan saplanmak üçin, bu hasabat dört sany maslahat berýär:

1. Resurslaryň paýlanyşyny üýtgetmek. Neşe serişdeleriniň eýeçiligini we ulanylmagyny kanunlaşdyrmak arkaly, oňa çykarylýan çykdajylary azaldyp bolýar (20 ýylda 38-773 mln Ýewro). Çykdajylary azaltmak arkaly tygşytlanan puly hem, üstüne artykmaç pul goşmazdan, antiretrowirus terapiýasy (ART) we opioid bejergisi (OAT) üçin ulanyp, NSSA-nyň içinde AIW epidemiýasyna netijeli hötde gelip bolar. Bularyň ikisi hem amala aşyrylsa:

a. BMG-nyň AIW we AIDS üçin utgaşyk programmasynda (UNAIDS) meýilleşdirilen antiretrowirus çykdajylaryny ähli gurşawlarda ýapyp bolar;

b. 20 ýylyň içinde, neşe sançýanlaryň arasynda opioid bilen bejergisi (OAT) köpeler we AIW hadysalary 79.4-92.9% azalar.

OAT-yň Russiýada elýeter däldigi üçin, iňňe we şpris üpjünçiligini ýokarlandyrmak alternatiw çözgüt bolup biler. Bu çözgüt OAT-y we ART-y artdyrmakdan hem arzan düşer. Neşe serişdelerini sançýanlaryň 60%-ne ýardam etmek ýylda ortaça 46.5 mln Ýewro barabar bolar we 14,000 AIW infeksiýalarynyň öňüni alar. Bu usul örän ýönekeýdir: Neşe serişdelerini bikanunlaşdyrmak üçin harçlanylýan resurslary neşe serişdeleriniň zyýanyny azaltmak üçin ulanmaly. Bu usulyň pul tygşytlamakda we AIW infeksiýalaryny azaltmakda berýän haýran galdyryjy netijelerini hökümetler ünsden sowmaly däl.

2. Türmelerde zyýany azaltmagy artdyrmak we boşan tussaglara idegi dowam etdirmek. Jeza erkinligi çäklendirmeli, saglyga bolan idegi däl. Zyýany azaltmak çäreleri diňe bir adaty ilat içinde däl, eýsem türmelerde hem has köp ulanylmaly. Köplenç hasabat berlişiniň we maglumat ýygnalyşynyň hiliniň pesdigi sebäpli, türmelerde AIW ýokuşmagynyň töwekgelçiliklerini düşündirýän hasabat takyk we aýdyň bolmaýar. Neşe serişdelerini sançýan adamlar tussaglykdan boşanlarynda, olara aýratyn üns we ideg berilmeli. Bu ideg olaryň zerur hyzmatlary almagy dowam etdirmegi we neşe serişdelerini çakdan aşa ulanmazlygy hem-de jenaýat etmezligi üçin möhümdir. AIW ýaýramasyny uzak-möhletleýin azaltmak üçin, adamlary tussaglykda we azatlyga çykansoň hem, zyýany azaldyjy hyzmatlar bilen üpjün ediji idegler saglygy goraýşa we jenaýat kanunlaryna degişli milli maksatnamanyň bir bölegi bolmaly.

3. Kemsidilmeleri we diskriminasiýany aradan aýyrmak. Ilatyň içindäki ejiz toparlara bolan ýaramaz garaýyşlar we pikirler togtadylmaly. Saglygy goraýyş we kanuny ýola goýuş sektorlaryna AIW-iň öňüni almagy öwredýän okuwlara kemsidilmeleri azaltmak mowzugyny goşmak örän aňsat görünse-de, ol GÝMA sebitinde kemçilik edýär. Bu bilim maksatly okuwlaryň üns merkezinde bolmaly mowzuklar: maslahat beriş hyzmatlarynyň ähmiýeti, pozitiw psihiki saglygy öňe sürmek, öýsüzlik meselesini gozgamak, neşe serişdelerini çakdan aşa kabul etmegiň öňüni almak, we seksual we önelgelik saglygynyň hyzmatlaryna bolan elýeterligi üpjün etmek. Şeýle-de, uzak-möhletleýin çözgütleriň talap edýän çärelerini unutmazlyk:

a. Zulum, diskriminasiýa we kemsidilmeler barada yzygiderli we takyk maglumat ýygnamak;

b. BMG-a hasabat berýän ýurtlaryň çykaran hasabatlaryna alternatiw hasabatlary hödürlemek.

4. Kanunda gyssagly reforma geçirmek. Kanuny ýola goýujy serkerdeleri bozuk tejribelerden saklamak üçin, diňe bir polisiýa däl, eýsem neşe serişdelerine, saglygy goraýşa we AIW bilen ýaşaýan adamlara degişli kanunlary hem düýpgöter üýtgetmeli. Tenini satýanlar, erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekler, trans adamlar, tussaglar we neşe serişdelerini sançýan adamlar jenaýata çekilmeli däl-de, tersine, adalatly we ilat bähbitli kanunlar hem-de kanuny ýola goýujy edaralar tarapyndan goralmaly.

Çeşme: Drug control policies in EECA: The economic, health and social impact

  • 97 gezek okalan