ÇAGA AÝRYLMASY BARADA ÝALŇYŞ DÜŞÜNJELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

caga ayrylmasyÇaga aýrylmasyna global taýdan başgaça çemeleşmegä bireýýäm wagt boldy. Çaga aýrylmasy, umuman, ýaşaýşa ukyply bolmadyk göwreliligiň ýitirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Dünýäde her minutda 44 göwrelilik ýitýär. 7 ýurdy we 4.6 million göwreliligi öz içine alan barlagyň netijeleri:

↪ Dünýäde ýyllyk çaga aýrylmalarynyň sany: 23 milliondan köp (ähli göwrelilikleriň 15%);

↪ Ömründe çaga aýrylmasyna sezewar bolýan aýallaryň sany: her 10 aýaldan 1-i.

Çaga aýrylmasynyň diňe ganamak ýa-da infeksiýa döremesi ýaly fiziki täsirleri bolman, eýsem psihologik täsiri hem bolýar. Psihologik täsirlere ynjalyksyzlyga, depressiýa, trawmadan soňky strese we suiside uçramak töwekgelçilikleri girýär. Çaga aýrylmasy, esasan hem gaýtalanýan çaga aýrylmasy, birnäçe geljekki saglyk bozulmalaryny alamatlandyryp bilýär: wagtyndan öň çaga dogurmak, düwünçegiň ösüşinde kynçylyklar, ýatgynyň üzülmesi, çaganyň öli dogulmasy, ýürek-damar keselleri we damarda gan lagtalanmasy. Çaga aýrylmasy şahsyýetlere, saglygy goraýyş ulgamyna we jemgyýete zeper ýetirýär.

Mesele: Çaga aýrylmasy barada halkara derejede takyk maglumatlar ýetmezçilik edýär, esasan hem bu hadysanyň has köp bolup geçýän ýerleri bolan pes-girdejili döwletlerde. Barlaglar çaga aýrylmasy barada giňden ýaýran ýalňyş düşünjelere üns çekýärler. Meselem, agyr zatlary götermek çaga aýrylmasyna sebäp bolýar diýen ynanç aýallaryň we olaryň ýanýoldaşlarynyň özlerini günäli duýmaklaryna sebäp bolup bilýär.

Çözgüt: Çagasy aýrylan aýallara hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlaryny we masalahatlary bütinleý täzeden işläp düzmeli. Olaryň içine şular hem girmeli:

↪ Täze kliniki synaglar;

↪ Genetika, ösüş we köpeliş biologiýasyna hem-de data (statistika) ylymlaryna bagyşlanan ylmy-barlag merkezleri.

Ekspertler: "Çaga aýrylmasyna uzak wagtlap ähmiýet berilmän gelindi. Bu ugurdan lukmançylyk ösüşiniň ýokdugyna gynanmagyň deregine, muny adaty hadysa hökmünde kabul etmek dowam edýär. Emma, indi aýallara ‘täzeden synanyşaý’ diýilýän zamana gutardy".

  • 963 gezek okalan