HINDISTANYŇ ÖZ-ÖZÜNE ÝETIREN BETBAGTÇYLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

covid india may 2021COVID-19-yň Hindistana ýetiren zyýany göz öňüne getirerden has uly, emma Lancet žurnalynda çap edilen makala muny düşündirmäge synanyşdy:

Eger awgustyň 1-ne çenli, Hindistanda COVID ölümleriniň sany 1 milliona ýetse, ýurduň bu öz-özüne ýetiren betbagtçylygyna primer ministr Narendra Modiniň hökümeti jogapkär bolar.

Hindistanyň soňky hasabatyna görä, ölümleriň sany 246116 ýetdi. Bu sanyň hakykatdan daşdadygyny Brown Uniwersitetinden Aşiş Jha düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, adaty wagtlarda Hindistanda her gün 27000 adam ölýär we "gündelik 4000" diýlip habar berilýän COVID ölümleri üçin krematoriý (meýit ýakylýan jaý) ýetmezçiligi döremeli däl. Emma, häzirki wagtda krematoriýler 24/7 işleýärler we adatdakydan 2-4 esse artyk işlemeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Jha "Ölenlere göz ýumup bolmaýar" diýip belleýär we Hindistanyň günlük COVID-19 ölümleriniň 25 müňe ýakyn ýa-da ondan hem köpdügini çaklaýar.

Hindistanda keselleýänleriň köpelmeginiň sebäbi? Oktýabrda ilki Hindistanda tapylan B.1.617 ştamy has çalt ýokuşýar we waksinanyň täsirinden sypyp bilýän bolmagy mümkin.

  • 936 gezek okalan