COVID-19: IMMUN ULGAMYNYŇ GAÝTARGYSY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

immun gaytargysySanjymyň ýan täsirleri immun ulgamyňyzyň güýçlidini aňlatmaýar

Covid-a garşy sanjym alandan soňra ýan täsirler ýüz bermedik halatynda aladalanmaga sebäp barmy?

Ýok. Massaçusets Uniwersitetiniň professory Robert Finbergiň aýtmagyna görä, sanjym alandan soňra adamyň özüni erbet duýmagy immun ulgamynyň sagdyn gaýtargy berýändigini aňlatmaýar.

Immun ulgamlaryň daşky "basyp alyjylara" garşy gaýtargy bermeginiň iki ýoly bardyr. Birinji derejesi – gysga wagtlykdyr (birnaçe sagat ýa-da birnäçe/bir-iki gün dowam edýär).

Gaýtargynyň 2-nji görnüşi bu – uýgunlaşýan immun sistemasynyň gaýtargysy bolup, diňe şu wajypdyr. Bu birnäçe günläp ýa-da hepdeläp dowam etmegi ahmal we immun ulgamynyň T we B öýjüklerine baglydyr.

mRNK sanjymlar bilen, adamlaryň 90%+ goraýjy uýgunlaşýan immun gaýtargysyny kämilleşdirdi. Emma olaryň diňe 50%-de ýan täsirler ýüz çykýar (aglaba bölegi ýeňil görnüşde).

Gepiň tümmek ýeri: adamlaryň immun ulgamynyň sanjyma reaksiýasy dürli-dürlidir, muňa garamazdan, sanjymdan soňky ýan täsirlerine görä adamyň umumy saglyk ýagdaýy barada anyk bir zat aýdyp bolanok.

Çeşme: The Washington Post

"Kesele çydamlylyk" syry

SARS-CoV-2 ýokuşanlygynyň alamatlaryny görkezmeýän adamlarda aýratyn täsirli immun gaýtargysy işläp düzülenmi?

Käbir alymlar munuň diňe şeýle bolman, eýsem, "kesele çydamlylyk" hem rol oýnaýar diýen pikirde.

Beden öz-özüni sazlaýar: Käbir adamlar genleri ýa-da alyp barýan ýaşaýyş stili netijesinde, ýokuşma bolup geçensoň gaýtam güýçlenýär, çünki beden metobilizmi oýarýar ýa-da käbir içege mikroblaryny herekete getirip, netije-de mikrobyň zyýanlylygyny kemeldýär.

Sitata: "Meniň pikirimçe, bu inçekesele gaty ýakyn ýagdamyka diýýän. Bu ýerde altyn aralygy tapmaly bolýar. Ýagny, wirusyň oňa gözegçilik edip bolar derejede belli bir mukdarda çişmesi (alawlamasy) zerur bolýar, emma şol bir wagtyň özünde, bu öýkene zeper ýetirmez ýaly, kämil mukdar bolmalydyr." diýip, Miçigan Döwlet Uniwersitetiniň immunology Andrew Olive aýdýar.

Çeşme: Undark

  • 765 gezek okalan