TÜRKMENISTANDA KLIMAT TÖWEKGELÇILIGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

turkmenistanda klimat towekgelciligiTürkmenistanda klimat töwekgelçiligi: Ýokary temperaturalar adamyň saglygyna, ýaşaýyş durmuşyna we ekosistema güýçli täsir edýär.

Bütindünýä bankynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň taýýarlan we 9-nji iýunda çap eden hasabatynyň gysga beýany:

↪ 2090-njy ýyllarda Türkmenistanyň howasynyň ortaça temperaturasy 1986-2005-nji ýyllar bilen deňeşdirilendäkiden 5.1°C ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu bolsa dünýädiki ortaça derejeden ep-esli ýokary.

↪ Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy iň ýokary emissiýalar (zyňyndy) ssenariýa (RCP8.5) bilen iň pes zyňyndy ssenariýa (RCP2.6) bilen deňeşdirilende 3.3°C tapawut bar. Bu bolsa uly tapawut bolup, global zyňyndylara gözegçlik etmegiň peýdalydygyny görkezýär.

↪ Güniň dowamynda iň ýokary we iň pes bolan temperaturalaryň ortaça temperaturalardan az-kem çalt gyzmagyna garaşylýar. Bu bolsa adamyň saglygyna, ýaşaýyş durmuşyna we ekosistema ýetirýän täsirini güýçlendirip biler.

↪ Güýçli gurakçylyga duçar bolmak ýyllyk ähtimallygy 21-nji asyrda ep-esli ýokarlanar. Hakykatdan hem, köp zyňyndyly ssenariýa görä, Türkmenistanyň ýerüstiniň aglaba böleginiň "giper-gurak" toprakly ýere öwrüljekdigi çaklanylýar.

↪ Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy we başga ýerlerde buzluklaryň çalt eremegi 2040-2050-nji ýyllarda Türkmenistanyň iň bir esasy derýasy bolan, Amy Derýanyň boýunda ýiti suw ýetmezçiligine getirip biler.

↪ Temperaturanyň ýokarlanmagy bilen, gurakçylyk we suw ýetmezçilik ýygy-ýygydan bolup durar hem-de ýurduň oba-hojalygynyň hasyllylygyny azaldar diýlip garaşylýar. Eger çäre görülmese oba-hojalygyň girdejileriniň azalmagyna we azyk gytçylygyna getirer.

↪ Uýgunlaşmakdaky päsgelçilikler we howpuň artmagy, Türkmenistanyň ilatynyň pes girdejili bölegi deň däl derejede klimatyň üýtgemeginden ejir çekjege meňzeýär. Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen baglanşykly, garyplygy we deňsizligi has gowy düşünmek üçin goşmaça gözlegleri we derňewleri tiz wagtdan geçirmek zerurdyr.

Çeşme