DÜWNÜK KESELLERINIŇ 40%-MI NÄDOGRY IÝMITLENME WE ERBET ENDIKLER ZERARLY DÖREÝÄNDIR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)
Beýik Britaniýada düwnük keseline uçran erkekleriň 23 %-nde bu kesel çilim
çekmek zeraly dörändir.

Alymlar geçirýän barlaglaryna esaslanyp, düwnük (rak) keseliniň çilim çekmek, alkogol içgilerini aşa köp içmek we nädogry iýmitlenmek bilen baglydygyny aýdýarlar. Şoňa görä-de, bu sebäpleri aradan aýyrmak bilen, Beýik Britaniýada düwnük keseliniň döremek ähtimallygyny düýpli kemeltmek bolar diýip aýdýarlar.

Beýik Britaniýada her ýyl 130 000 adamyň düwnük keseline ýolugandygy ýüze çykarylýar. Düwnük keselini öwrenmek boýunça Beýik Britaniýanyň Cancer Research UK Merkeziniň hasabat bermegine görä, töwekgellik döredýän ýagdaýlaryň  arasynda çilim çekmek – iň esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Ol erkekleriň 23%-ň, aýallaryň 15,6%-ň düwnük keseline ýolukmagyna sebäp bolýar.

British Journal of Cancer žurnalynda  çap edilen barlaglarda  iýmitde ter bakja we miwe önümleriniň ýetmezçiligi düwnük keseliniň döremeginiň ikinji sebäbi hökmünde bellenilýär. Bu mesele esasan hem erkeklere degişlidir. Mundan başga-da, şol žurnalda aýallaryň arasynda düwnüge uçradýan sebäpleriň arasynda aşa semizligiň ikinji orny eýeleýändigi aýdylýar.

"Adamlaryň köpüsi düwnük keselini ýaramaz nesil yzarlaýjylyk bilen baglanyşdyrýarlar ýa-da ýaman täleýiň buýrugy bilen döreýän kesel hasaplaýarlar. Şeýle nukdaýnazardan garalanda, düwnük keseliniň döremegi şowsuzlyk zerarly döreýän mesele ýaly görünýär" – diýip, barlag toparynyň başlygy professor Maks Parkin belleýär. Ol: "Ýöne biziň gazanan netijelerimize göz aýlanyňda, düwnük keseliniň 40 %-ň ýaşaýyş endikleri bilen baglydygy  we olaryň öňüni alyp bolýandygy aýdyň görünýär" – diýip, sözüni dowam edýär.

Bakja we miwe önümleriniň ähmiýeti

"Keseliň öňüni almakda bakja we miwe önümleriniň köp mukdarda iýilmegiň erkekler üçin wajypdygy diýseň garaşylmadyk netije boldy. Şeýle hem, aýallar üçin aşa semizligiň alkogol içmekden hem erbet ýagdaýdygy barada pikir-de etmeýärdik"

Mark Parker,
barlag toparynyň ýolbaşçysy

Şeýle ýagdaýlarda erkek adamlaryň çilim çekmegi taşlamagy, bakja we miwe önümlerini köpräk iýmegi, alkogol içgileri içmegi çäklendirmegi iň oňat çözgüt bolardy. Alymlar aýallara-da çilim çekmegi taşlamagy we öz agramlaryna gözegçilik etmegi maslahat berýärler.

"Keseliň öňüni almakda bakja we miwe önümleriniň köp mukdarda iýilmegiň erkekler üçin wajypdygy diýseň garaşylmadyk netije boldy. Şeýle hem, aýallar üçin aşa semizligiň alkogol içmekden hem erbet ýagdaýdygy barada pikir-de etmeýärdik" diýip,  Mark Parker gürrüň berýär.

Alymlar düwnük keselleriniň döremek töwekgelçiligini artdyrýan ýagdaýlaryň jemi on dördüsini anykladylar. Olaryň ählisi ýaramaz ekologiýa we  durmuş endikleri bilen baglydyr.

Beýik Britaniýada düwnük bilen kesellemegiň 34% -mi (100 müň adam) hut çilim çekmek, nädogry iýmitlenmek, artykmaç agram we çenden aşa köp alkogol içgilerini içmek bilen baglydyr. Düwnük bilen kesellän 25 adamyň  birinde keseliň döremeginiň esasy sebäbi oňaýsyz iş şertleri bilen baglydyr, meselem, himikatlar bilen işlemek.

Töwekgellik faktorlary

Howply çişleriň käbir görnüşleriniň döremegine täsir edýän faktorlar köpümize bellidir. Mysal üçin, çilim çekmegiň öýken düwnügini döredýändigi ählimize mälimdir. Emma adamlar keseliň we töwekgellik faktorlaryň beýleki arabaglanyşyklary  barada köp zat bilmeýärler.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, göwsüň düwnük keseliniň döremeginiň 10%-mi artykmaç agram ýa-da aşa semizlik bilen baglydyr. Alymlar nädogry iýmitlenmegi düwnük keseliniň esasy sebäpleriniň biri hasaplaýarlar.

Gyzylödegiň howply çişleriniň aglabasynyň sebäbi iýmitde  bakja we miwe önümleriniň ýetmezçiligidir, gyzylödek düwnüginiň diňe 20%-mi bolsa alkogol içgilerini çenden aşa köp içmek zerarly döreýändir. Aşgazanyň düwnük keseliniň 20%-mi näsagyň duzly tagamlary halaýandygy sebäpli döreýär.

Şol bir wagtyň özünde düwnügiň käbir görnüşleriniň döremegine ýek-täk bir ýagdaý däl-de, eýsem adamyň umumy ýaşaýyş ýörelgesi sebäp bolýar.

Mysal üçin, öt haltanyň düwnük keseli ýaramaz endiklere hiç hili bagly bolmaýar.

Aýallarda we erkeklerde görkezijiler dürli-dürli bolýar

Howply çişleriň döremeginiň esasy sebäplerini öwrenenlerinde, alymlar Beýik Britaniýada düwnük bilen kesellemek baradaky 15 ýylyň (1993-2007 ý.ý.) maglumatlaryndan peýdalandylar.

Erkeklerde düwnük keseliniň döremegi esasan iýmitlerinde bakja we miwe önümleriniň ýetmezçiligi (6,1%), hünärleriniň oňaýsyz şertleri (4,9%), köp mukdarda alkogol içgilerini içmek (4,6%), artykmaç agram (4,1%), günüň aşagynda uzak wagt bolmak we ultramelewşe şöhleleriniň täsir etmegi (3,3%) bilen baglydyr. Aýallarda düwnük keseli esasan hem  artykmaç agram we aşa semizlik (6,9%), ýokançlyklar (3,7%), uzak wagt günüň aşagynda bolmak (3,6%), iýmitlerinde bakja we miwe önümleriniň ýetmezçiligi sebäpli döreýändir.

Ulanylan WEB Salgy