ADAMYŇ PAPILLOMAWIRUSYNA GARŞY SANJYMYDAN NÄME ÜÇIN ÝÜZ ÖWÜRÝÄRLER?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Adamyň papillomawirusyna (HPV) garşy sanjymyňHPV habar käbir ýasy öýjükli täze döremeleriň öňüni almakda täsirlidigine garamazdan, ABŞ-da bu sanjymy alýan ilatyň sany pesligine galýar. Sanjyma bolan ikirjiňlenmeleriň we garşylyklaryň birnäçe sebäbi bolup, iň ýaýgyny howpsuzlyk aladalarydyr. COVID-19 pandemiýasy sanjymlaryň howpsuzlygyna bolan ynamsyzlygy has-da artdyrdy. Täzelikde geçirilen ylmy derňew zyýanly täsirleri ýa-da howpsuzlyk aladalaryny 11 ýylyň içinde HPV waksinasyny almazlygyň esasy sebäbi hökmünde öwrendi.

Barlagyň netijeleri howpsuzlyk aladalary ýa-da zyýanly täsirleri sebäpli HPV sanjymyny almakdan ýüz öwürýänleriň sanynyň soňky ýyllarda has artandygyny görkezýär. Barlagyň netijeleriniň gysgaça beýany:

1. Birinjiden, waksinanyň howpsuzlygy baradaky aladalaryň artmagy sanjym alýanlaryň sanyny has azaldyp biler. Şonuň üçin, ilatyň sanjymlaryň howpsuzlygy baradaky gaýgy-aladalaryny çözmek jemgyýetçilik saglygyny goramagyň örän möhüm bölegidir.

2. Ikinjiden, adamlaryň sanjyma bolan ynamyny peseltmäge gönükdirilen dezinformasiýa kampaniýalarynyň gerimi artýana meňzeýär. ABŞ-da sanjymlar baradaky misinformasiýanyň ep-esli artmagy, ilatyň sanjymlara bolan ynamsyzlygynyň artmagyna getirdi. Sosial mediýanyň hem çalt depginde ösmegi, misinformasiýany halk köpçüligine giňden ýaýratmak üçin katalizator bolup hyzmat etdi.

Misinformasiýanyň onlaýn ýaýradylmagyna garşy göreşmek üçin, saglygy goraýyş edaralarynyň sosial mediýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi örän möhümdir. Şeýle hem, lukmanlar ene-atalar bilen duşuşanlarynda olaryň sanjyma bolan ikirjiňlenmelerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm rol oýnaýarlar.

Türkmenistanda bu sanjym 9 ýaşy dolan gyzlara we oglanlara edilýär.

Çeşme

  • 747 gezek okalan