AÝBAŞY DÖWRI ÜÇIN NIÝETLENEN IÇKI GEÝIM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aybasy icki geyimGiňden elýeterli bolmasa-da, soňky ýyllarda ABŞ-da we Ýewropada aýbaşy döwründe geýmek üçin niýetlenen içki geýimleriň meşhurlygy artyp başlady. Aýal-gyzlar aýbaşy önümlerine ýylda müňlerçe dollar sarp edýärler, emma bularyň köpüsi daşky gurşaw üçin howply bolup biler. 

Ýaponiýanyň Osakada şäherinde egin-eşik kompaniýasynyň eýesi Maýumi Miýaguçi başlangyç we orta mekdep gyzlary üçin özüne siňdiriji içki geýim liniýasyny döretdi. Miýaguçiniň gyzynyň aýbaşysy gelip başlanda, oňa aýbaşy önümlerini göze ilmez ýaly, ýaşyryn saklamagy tabşyrar ekeni. Emma ol soňra, bu önümleri ulanmagyň hiç hili utanç däldigine we gyzlaryň olary gizlemeli bolýandygynyň geňdigine akyl ýetiripdir.

"Gyzlaryň aýbaşysyny gizlin saklajak bolmagy geň zat... Meniň gyzymyň nesliniň erkinligi has köp bolmaly." - Maýumi Miýaguçi

Gyzynyň aýbaşysy başlanda, ol ABŞ-dan aýbaşa niýetlenen trusy sargaýar, emma bu trusylar ýapon çagalary üçin gaty uly bolýar. Netijede, Miýaguçi bu meseläni öz eline almak kararyna gelýär. Ol zenan we içki geýim ulanyjysy hökmünde toplan tejribesi bilen, aýbaşa durnukly içki geýimler bilen özbaşdak söwda edip biljegine ynanýar. Miýaguçi köp gezek ýuwlanda-da könelmejek önüm öndürmek arkaly, maşgalalaryň ýüküni ýeňilleşdirmek isleýär we bu islegini hasyl edýär. Aýbaşy içki geýimleriniň ortaça bahasy 6000 ýen, ýa-da 54 ABŞ dollaryka, Miýaguçi öz öndürýän önümine 3900 ýen ýa-da 35 ABŞ dollaryna barabar baha kesýär. 

"Gyzlar durmuşlaryndan doly lezzet alarlar we öňe towsarlar" diýen umyt bilen, ol öz brendine "Gyzlar towusýar" diýip at berdi. Indi önümiň Ýaponiýanyň dürli künjeklerinde ýaşlaryň göwnünden turandygy we ynamyny gazanandygy sebäpli, oňa köp sanly islegleri kanagatlandyrmak kynlaşýar. 

Geljekde Miýaguçi, balet bilen meşgullanýanlar üçin trikonyň aşagyndan geýip boljak aýbaşy önümlerini, şeýle hem, aýallaryň köplenç dogrumdan soň başdan geçirýän peşewi saklap bilmezlik ýagdaýyny çözmäge gönükdirilen önümleri döretmegi umyt edinýär.

  • 1120 gezek okalan