STEREOTIPLER ÝAŞLYKDA ORNAŞÝAR WE BERK KÖK URÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

stereotipler habar

Irki ýetginjeklik döwri barada geçirilen global barlagyň netijelerine görä, bütin dünýäde jyns stereotipleri ýetginjek ýaşda berk ornaşyp, ömürboýy saglyk näsazlyklaryna sebäp bolýar.

The Telegraph gazetiniň baş awtorlaryndan biri Karolin Maronyň aýtmagyna görä, gyzlar we oglanlar jynsy ýetişme döwründe biri-birinden örän tapawutly "dürli dünýälere" aýralanýarlar.

15 ýurtdan 10 müňden gowrak ýetginjek oglan-gyzlar bilen söhbetdeş bolan barlagçylaryň bellemegine görä, Hytaýda, Ekwadorda, Belgiýada we Indoneziýada erkeklik we aýallyk hakynda köneden gelýän düşünjelere eýerýän ýetginjekler depressiýa has ýykgynly bolýarlar.

Giňden ýaýran toslamalar: jynsy ýetişmeden soň, gyzlar jynsy we reproduktiw saglygyny goramak üçin kömege mätäç; oglanlar bolsa güýçli we garaşsyz bolmaly.

Göze dürtülýän saglyk zeperleri: Gyzlar üçin – depressiýadan başlap, okuwy ir taşlamak ähtimallygy; oglanlar üçin – ömürleriniň aýallara garanda gysga bolmagy we fiziki zorluga baş goşma ähtimallygynyň ýokarlanmagy.

  • 884 gezek okalan