SIFILISE GARŞY GÖREŞDE ASGYNLYGYMYZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

merezyel habarBütin dünýäde erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň takmynan 7.5%-inde sifilisiň (merezýel) bardygyny BSGG-nyň täze barlagy görkezýär. Bu uly görkeziji öňüni alyp we bejerip bolýan kesellere garşy dessin çäreleri görmek üçin duýduryşdyr.

Merezýel keseli (sifilis) – dowamly weneriki kesel bolup, deriniň, nemli örtükleriň, içki agzalaryň, süňkleriň we nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokuşma wagtyndan başlap, umumy ýokançly kesele öwrülýär we bejergi alynmadyk halatlarynda gaýtalama we gowşama döwürleriniň gezekleşmegi bilen geçýär.

Lancet žurnalynda çap edilen 77 ýurtdan 600 müňden gowrak gatnaşyjyly 275 barlagyň uly möçberli derňewine görä, 2000-2020-nji ýyllar aralygynda:

↪ Erkek bilen jynsy gatnaşykda bolýan erkekleriň arasynda sifilisiň ýaýramagy ilatyň umumy erkeklerine garanyňda 15 esse ýokarlandy;

↪ Sifilis iň ýokary derejede ýaýran ýerleri: Latyn Amerika we Karib adalary (10,6%); iň az ýaýraan ýerleri: Awstraliýa we Täze Zelandiýada (1,9%).

Göwreli aýallary skrining we bejergi bilen üpjün etmek dogabitdi sifilisi azaltmaga ýardam etse-de, beýleki ileri tutulýan toparlaryň ünsden düşürilendigini BSGG belleýär.

Munuň düýp sebäbi: Jenaýat, syýasat, kanunçylyk, diskriminasiýa, zorluk ýaly sistematik päsgelçilikler sifilisiň öňüni almaga böwet bolýar, esasanam pes we orta girdejili ýurtlarda.

Karlos F Káseres we hasabatyň beýleki awtorlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli sifilisi 90% azaltmak baradaky global maksada ýetmek üçin gyssagly çäre görmek bilen bir hatarda:

↪ Biologik özüňi alyp baryş (iňlisçe: biobehavioral) we gözegçilik programmalaryny AIW-iň öňüni alyş çäreleri bilen bile alyp barmaly;

↪ Bejergileriň we öňüni alşyň täze usullaryny ösdürmeli.

Gomofobiýany jenaýatlaşdyryp  gomoseksualizmiň jenaýatlaşdyrylmagyny ýok etmeli.

  • 1053 gezek okalan