ARGENTINA AÝALLARA ENELIK RUGSADY ÜÇIN PENSIÝA TÖLÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

argentina enelik rugsadyArgentinada 59-64 ýaşdaky 300,000-den gowrak aýalyň ýeterlik pensiýa gaznasynyň ýoklugy sebäpli pensiýa çykyp bilmeýändigi çak edilýär. Bu esasan, aýallara enelik rugsadynyň ýa-da çaga ideg edýänligi üçin öwez pulunyň berilmeýänligi sebäplidir. Muny bütin dünýäniň aýallary tölegli işiň daşyndan edýärler. Güzeranyny zordan aýlaýanlygynyň üstesine, çagalara ideg etmek aýallar üçin iki esse agyr ýükdür. Hususan-da, Argentinada öý-hojalyk işleriniň jogapkärçiliginiň aýallara ýüklenýänligi sebäpli olaryň köpüsi resmi işlerde işlemeýärler.

Bu meseläni göz öňünde tutup, Argentinanyň hökümeti jynsy deňsizligi aradan aýyrmakçy bolýar. Has takygy, aýallara tölenmedik enelik rugsady we çagalaryna ideg eden wagtlary üçin öwezini dolujy – pensiýa tölegini bermek isleýär. Geçen hepde ornaşdyrylan bu meýilnamanyň kömegi bilen 155,000-den gowrak aýalyň tiz wagtda pensiýa alyp bilmegine garaşylýar. Meýilnama azyndan 30 ýyl bäri pensiýa gaznasyny döredip bilmedik 60 ýaşdan uly islendik aýal üçin açykdyr. Aýallar ulaldan her bir çagasy üçin bir ýyl, perzentlige alnan ýa-da maýyp çagalarynyň hersi üçin iki ýyl sosial üpjünçilik töleglerini alyp bilerler.

Argentinada 65 ýaşa ýeten adamlar, hatda işlän döwürlerinde döwlet pajyna goşant goşmadyk hem bolsalar, döwletden pensiýa almaga hukuklydyrlar. Emma, bu pensiýa meýilnamasy aýda bary-ýogy 23,000 pesos ($237 dollar) töläp, köpleri garyplyk derejesinden pesde goýýar.

Bu meýilnama Milli sosial howpsuzlyk administrasiýasynyň (ANSES) bir bölegi bolup, Argentinanyň Prezidenti Fernandesiň görkezmesi boýunça ýurtdaky jynsy deňsizligi çözmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, ýurtda gender deňsizligi meselelerini çözmek üçin ilkinji ykdysady, deňlik we gender edarasy döredildi.

Argentinanyň Deňlik we ösüş üçin jemgyýetçilik syýasatyny durmuşa geçirmek merkeziniň (CIPPEC) alymlar topary tarapyndan geçirilen barlaglara görä, bu meýilnama çaga seretmek üçin iş üznükliligi ýa-da çaga ideg etmegi kyn bolan aýallara peýdaly bolar. Şeýle hem, CIPPEC 55-59 ýaşdaky aýallaryň 60%-iniň 5 ýyldan az döwlet pajyny töländigini çaklaýar.

Aýallara maliýe goldawyny berjek bu meýilnama garamazdan, jemgyýetçilik struktura meseleleri entegem dowam edýär. CIPPEC çagalara ideg etmek jogapkärçiligini erkekleriň we aýallaryň arasynda deň paýlaşmaga höweslendirýän programmalary durmuşa geçirmegi maslahat berýär. Wagtyň geçmegi bilen ýagdaýyň başgaça bojakdygyna seretmezden, çaga idegi üçin tölegsizligiň häzirki ýagdaýyny üýtgetmek zerurdyr.

Çeşme

  • 628 gezek okalan