ILKINJI TRANSGENDER KLINIKALARY AÇYLDY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ilkinji transgender klinikalaryHindistanda transgenderleriň dolandyrýan iki sany klinikasy açyldy. Olar transgender adamlaryň saglygyna, abadançylygyna we AIW keseliniň ýagdaýyna gözegçilik etmegi goldamaga niýetlenen. Klinikalaryň ikisem Haýdarabatda ýerleşýär. Bu klinikalar hemmeler üçin, şol sanda transgender we iki jynsada degişli bolmadyk (iňlisçe: nonbinary – özüni ne aýal ne erkek hasap edýän adam) adamlary kabul edýär. Klinikalaryň lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň, dolandyryjylarynyň we geňeşçileriniň ählisi transgenderdir.

2019-njy ýyldaky Transgender adamlar baradaky kanunyň çäginde Hindi hökümeti tutuş ýurtda trans klinikalary açmagy wada beripdi. Bular Hindistanda ilkinji transgender klinikalarydyr. Näçe tankytlar we transfobik (transgenderlere garşy ýigrenç) bellikler edilse-de, ýurtda transgenderleriň jemgyýeti mertligini saklaýar. Şeýle-de bolsa, bu kanunyň heniz hem transgenderleriň goraglylygyny üpjün etmeýän biynjalyk ediji bölümleri bar.

Täze klinikalaryň ikisi hem transgender jemgyýetlerinde AIW-iň ýaýramagynyň öňüni almagy maksat edinýär. Sebäbi transgenderleriň arasynda AIW ýokuşmalarynyň umumy ilatyňkydan has ýokary bolmagy mümkin. Transgender jemgyýetinde AIW-iň giň ýaýrawlylygy zerarly Haýdarabat şeýle klinikalaryň açylmagy üçin ilkinji şäher hökmünde saýlandy.

Çeşme