ÝENE BIR PANDEMIÝA BILEN GÖREŞMEGIMIZ AHMAL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yene bir pandemiyaCOVID-19 ýaly uly ýitgili pandemiýanyň döreme ähtimallygynyň biziň çak edişimizden has ýokary bolmagy mümkin (PNAS).

Dýuk uniwersitetiniň alymlary gyrgyn (çuma), mama keseli (ospa), mergi (holera) we dümew wiruslary (influenza) ýaly geçmişde ýüze çykan "zyýanly patogenleriň birnäçe toparlaryny" seljerdiler we şuňa meňzeş keselleriň gaýtalanma ähtimallygyny kesgitleýän modelleri taýýarladylar.

Italiýanyň Padua uniwersitetiniň professory Marko Maraniniň ýolbaşçylygynda geçirilen barlag zeperli klimat hadysalarynyň töwekgelçiligini anyklamak üçin statistiki modelirleme usulyny ulandy.

Netijeler:

↪ Geljek 60 ýylyň içinde COVID-19 (şu wagta çenli ölenleriň sany: ~4,4 million) ýaly pandemiýa bolup biler.

↪ Her 400 ýyldan 1918-nji ýyldaky Ispan dümewiniň (~50 million adam öldi) derejesindäki pandemiýa gaýtalanyp biler.

↪ Ýüze çykýan we gaýtalanýan keseller soňky onýyllyklarda has ýygylaşdy. Muny göz öňünde tutsak, wagtyň geçmegi bilen şeýle ölümçilikli hadysalaryň ýyllyk ähtimallygy ýokarlanyp biler.

Bu barlag çaklama gurmaga ýa-da keseliň sebäplerini düşündirmäge çalyşmaýar. Muňa garamazdan, "pandemiýanyň gaty seýrek däldigine düşünip, geljekde olaryň öňüni almak we gözegçilikde saklamak üçin edilýän tagallalaryň ileri tutulmagyny ýokarlandyrmaly" diýip, barlagyň awtordaşy William Pan belleýär.

  • 643 gezek okalan