FORMALDEGID GAZYNYŇ HAKYKY TÖWEKGELÇILIKLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

formaldegid towekgelcilikleriHaçanda ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) bir himikaty adamlara zyýanly diýip kesgitlese, yzyndan şol himikata kadalaşdyryjy çäklendirmeler hem girizilip başlanýar. Munuň 2017-nji ýylda EPA-nyň formaldegid gazynyň (yssyz, zäherli, suwda ereýän gaz – CH2O) barlagnamasyny çap etmezliginiň sebäplerinden biridigini agentligiň öňki wekilleri aýdýarlar.

Häzirki formaldegid regulýasiýalary bu himikaty burun-bokurdak ragy bilen baglanyşdyrýan 1991-nji ýyldaky barlagnama esaslanýar. 2017-nji ýyldaky barlagnama himikatyň mieloid leýkemiýasyna (gany köpeldýän öýjüklerde döräp, süňk ýiligini zeperleýän kesel) sebäp bolýandygyny we dürli rak keselleriniň töwekgelçiligini 1991-nji ýyldaky hasabatdan 4.5 esse ýokarlandyryp biljekdigini görkezýär.

EPA-nyň öňki wekilleri Amerikanyň himiýa geňeşi (ACC) bilen ýakyndan işleşen Tramp administrasiýasynyň formaldegid barlagnamasynyň çap edilmegine päsgelçilik döredendigini aýdýarlar.

Barlagnamanyň deslapky taslamasy 2022-nji ýylyň sentýabrynda çap ediler. Barlagnama gutarnykly görnüşde çap edilenden soň, üstünden 30 ýyl geçen formaldegid regulýasiýalary hem üýtgediler.

Çeşme: The Intercept

  • 743 gezek okalan