BANGLADEŞDÄKI ULY GÖWRÜMLI MASKA SYNAGY NÄHILI TAMAMLANDY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

banglades synagPandemiýanyň irki günlerinde tankytçylar maskalaryň hakykatdan hem COVID-19-dan goraýandygyna subutnama sorapdylar.

Yale we Stanford uniwersitetleriniň ylmy barlagçylary Bangladeşiň oba ýerinde 350 müň adamlyk synag geçirip, maskanyň wirusdan goraýandygyny subut etdiler. 2020-nji ýylyň noýabry we 2021-nji ýylyň apreli aralygynda 300 sany oba ýaşaýjylaryna maska geýmäge höweslendiriji çäreler bilen birlikde mugt maskalar we COVID testleri üpjün edildi. Ýene bir 300 adamlyk topara hem beýle höweslendirijiler berilmezden gözegçilik edilip, netijeler deňeşdirildi.

Maska geýmäge höweslendirilen toparda:

↪ Simptomly SARS-CoV-2 infeksiýalary ~11% azaldy;

↪ 60 ýaşdan ulularyň keselleme ähtimallygy 35% azaldy;

↪ Pes bahaly höweslendirijiler maska geýýänleriň sanyny tas 3 esse artdyrdy.

Bu barlagyň baş awtorlarynyň ikisi Ashley Styczynski we Laura Kwong bu işiň kanunlara täsir edip bilme potensiýalynyň bardygyny bellediler:

↪ Esasan hem, häzir waksina alan adamlaryň hem Delta ştamyny ýaýradýan döwründe, maskalaryň örän uly peýdasy bar;

↪ Has ykjam filtrli we arzan bahaly maskalaryň goraýjylygy has güýçli bolýar;

↪ Her adamyň janyny halas etmegiň bahasy (~$10,000) has amatly düşýär.

Indiki ädimler:

↪ Maska geýmäge höweslendirýän modeli Päkistanyň Lahor şäherinde gurnamak;

↪ Bu modeli beýleki öňüni alyş çäreleri üçin hem ulanmak, meselem COVID waksinasyny almaga höweslendirýän "Men waksina aldym, men waksina ynanýaryn" diýen manydaky bilezikleri paýlamak.

Çeşme: The Massive Bangladesh Mask Trial, Unmasked

  • 873 gezek okalan