TEMMÄKI SÖWDEGÄRI DERMAN SÖWDASYNA GEÇMEK ISLEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

temmaki sowdegarDünýäde çilim çekýänler azalýar, emma iň uly temmäki we çilim önümlerini öndürýän Philip Morris International kompaniýasynyň täze pikiri bar: derman öndürýän kompaniýalary satyn almak. Onuň eýelemek isleýän farmasewtik kompaniýalarynyň içine Britaniýadaky Vectura ýaly, çilim çekmek bilen baglanyşykly kesellere bejergi öndürýänler hem girýär.

"Bu ýagdaý biriniň dyzyňy döwüp, soňra saňa pişek satjak bolşuna meňzeýär" diýip, dem alyş ýollaryndan ylmy iş alyp barýan Rus Tal-Singer belleýär.

Hukuk goraýjy guramalar bu söwda garşylyk görkezýärler.

Çilim kompaniýasy bolsa, ilat saglygynyň bähbidi üçin, çilim söwdasyny azaldyp, ugruny derman söwdasyna tarap üýtgetmek isleýändigini nygtaýar.

Çeşme

  • 805 gezek okalan