RUSSIÝADA MEÝLETINÇILER AIW BILEN ÝAŞAÝAN ADAMLAR ÜÇIN WEBSAÝT AÇDYLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ihiv infoRussiýada meýletinçiler tarapyndan AIW-li adamlara niýetlenen täze websaýt https://ihiv.info/ wirus, onuň bejergisi we ýokuşyşy barada esasy maglumatlary hödürleýär. Websaýty britan guramasy "HIV i-base"-den ylhamlanyp döredýärler. Saýtda AIW-iň nämedigi we antiretrowirus terapiýasynyň nähili geçirilişi sada we düşnükli dilde düşündirilýär.

"Biziň pudagymyzda işlemeýän, ýönekeý AIW-li adamlar beýle maglumatlardan bihabar. Hut şu sebäpli hem, websaýt görnüşinde ‘broşýura’ döretmek pikiri peýda boldy. Bu proýekt meýletinçilik esasynda alnyp barylýar. Dostparaz aktiwistler, konsultantlar, lukmanlar we bu meselä biparh garamaýan adamlar bu websaýty döretmäge kömek etdiler" diýip, proýektiň awtordaşy Tatýana Han belleýär. Saýtyň maksady AIW-iň örän kiçi wirusdygyny we eger-de AIW-li adam goldaw tapsa we dogry bejergileri alsa, keseliň onuň durmuş hiline täsir etmejekdigini düşündirmek. Häzirki wagtda saýtda keseliň bejergileri barada esasy maglumatlar, H=H nazaryýeti barada material, infeksiýanyň ýokuşma ýollary we töwekgelçilikleri, şeýle-de ilkinji gezek antiretrowirus terapiýasy ýazlanda lukmandan näme soramalydygy çap edilen. Saýtda AIW bilen ýaşaýan adamlar lukmanlar we saglyk hünärmenleri bilen sorag-jogap hem alşyp bilýärler.

Çeşme

  • 762 gezek okalan