IL SAGLYGY LUKMANYŇ ALADASY, LUKMANYŇ SAGLYGY KIMIŇ ALADASY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

lukman saglyk aladasyDogruçyllyk, duýgudaşlyk, altruizm, yzygiderli ösüş, kämillik, hyzmatdaşlyk – bular lukmançylyk professionallarynyň esasy gymmatlyklary hasaplanýar. Soňky wagtlarda döwrebap lukmandan talap edilýän professionalizm şypalylyk, oýlap tapyjylyk, barlagçylyk we syrkawa şärikdeşlik ýaly häsiýetlerde jemlenýär. Şeýle-de bolsa, lukmanlaryň özlerinden geçip, syrkawyň zerurlyklaryny hemme zatdan ýokarda goýmalydygy barada köneden gelýän düşünjeler heniz hem dowam edýär. Bu düşünjelere eýerip işlejek bolmaklyk lukmanlaryň psihiki we fiziki saglyklaryna we abadanlyklaryna agram salyp bilýär.

Lancet žurnalynda çap edilen barlag işi psihiki bozulmalaryň, neşe serişdeleriniň we suisidiň lukmanlaryň saglyklaryna täsir edýän esasy meselelerdigini görkezýär. Barlagyň agramly bölegi lukmanlaryň özleri barada beren maglumatlaryndan, kiçiräk bölegi bolsa pes we orta-girdejili ýurtlardan alnan hasabatlardan düzülýär. Ýokary-girdejili ýurtlarda:

↪ Umumy ilat bilen deňeşdireniňde, lukmanlaryň arasynda depressiýa, ynjalyksyzlyk, trawmadan soňky stres we alkogol kabul etmek has ýygy duş gelýär.

↪ Lukmanlaryň, esasan hem zenan lukmanlaryň arasynda suisidiň derejesi hem başga kärde işleýänleriňkiden has ýokary. Umumy ilatda janyna kast edýän erkekleriň aýallardan agdyklyk edýändigi sebäpli bu görkeziji örän aladalandyryjydyr. ABŞ-da her gün bir lukman suisidden ölýär diýlip çaklanylýar.

↪ Aşa köp we uzak dowam edýän stres sebäpli emosional, fiziki we psihiki taýdan surnukmak (iňlisçe: burnout) hem ýene bir mesele bolup durýar. Depressiýa girmän hem surnukmak ýa-da surnukman hem depressiýa girmek mümkindir.

↪ Lukmanlarda psihiki saglyk bozulmalarynyň we surnukmanyň töwekgellik faktorlary: ukusyzlyk, aşa köp ýa-da çapraz iş talaplary, uzyn iş sagatlary, iş we maşgala arasynda deňagramsyzlyk.

Saglyk we COVID-19 hyzmatlaryna bolan talaplaryň we gartaşýan ilatyň artýan döwründe, saglyk ulgamlarynyň hem ýüki agralýar we lukmanlar artykmaç işlemäge mejbur bolýarlar. Bu ýagdaý töwekgellik faktorlarynyň ýitileşmegine getirip bilýär. Kähalatlarda lukmanyň özüni alyp barşy onda saglyk meselesiniň bardygyny aýan edýär. Emma, köplenç psihiki bozulmalardan ejir çekýän ýa-da işine ýetişip bilmän kösenýän lukmanlar özlerini ýerlikli alyp barýarlar we işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi dowam edýärler. Emma olar munuň üçin öz bagtlaryny we abadanlyklaryny gurban edýärler. Soragnamalaryň köpüsi lukmanlaryň COVID-19-dan soňra şeýle-de işçisi ýetmeýän işlerinden çykmagy meýilleşdirýändiklerini görkezýär. Lukmançylyk kärinde özüň we maşgalaň üçin wagt aýyrmagyň barha kynlaşýandygy muňa sebäp bolup biler.

Şahsy ideg we şahsy habardarlyk döwrebap professionalizmiň möhüm binýadyna öwrülmeli, emma saglyk ulgamlaryny ýöredýänler bu özgerişlige gol germeli, uýgunlaşmaly we ýola goýmaly. Şeýle çemeleşme lukmanlaryň saglyk-abadançylygyny gowulandyrar we saglyk edaralarynda ussat we tejribeli işgärleri saklap galmaga kömek eder. Saglyga bolan hukugy, adalaty, sosial adalatlylygy, köpdürlüligi we inklýuziýany, lukmanyň abadanlygyny we işçi güýjüniň meýilleşdirilmegini öz içine alýan professionalizm lukmanlar üçin hem olaryň idegindäkiler üçin hem has gowy bolar.

Çeşme

  • 728 gezek okalan