TÜRKMENISTANDA GUM WE TOZAN TUPANLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

gum we tozan tupanlaryBirleşen Milletler Guramasynyň 2021-nji ýylyň awgust aýynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan gum we tozan tupanlary sebäpli, howasynyň hili pes bolan ýurtlaryň hatarynda diýlip kesgitlenildi. Türkmenistanyň oba-hojalyk ýerleriniň 70%-den gowuragy tozana sezewar bolýar. Hasabatda bellenilşi ýaly, tupanlar ekerançylyk ýerlerini zaýalaýar. Howanyň üýtgemegi bilen, bu hadysanyň güýçlenmegi ýurt üçin oňaýly bolmaz.

Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) tarapyndan geçirilen täze barlag işlerinde Türkmenistanyň suw baýlyklaryna uly agram salynýandygy bellenilip geçildi. FAO-nyň çaklamasyna görä, Türkmenistanda suw ýetmezçiligi 144% barabar bolup – ozalky Sowet Soýuz döwletleriniň içinde diňe Özbegistanda ýagdaýlar has erbeträk.

Gysgaça aýdylanda, gury meýdanlar has hem tozanly bolar, eger suwuň sarp edilmesi çäklendirilmese, şol sanda daýhanlara az peýda getirýän ekinleri ýetişdirmek tejribesi ýok edilmese, az wagtdan dowamly guraklyk adaty ýagdaýa öwrüler.

  • 736 gezek okalan