UMYTSYZLYK ÖLÜMLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

umytsyzlyk olumleri"Umytsyzlyk ölümleri" aňlatmasy Prinston uniwersitetiniň ykdysatçylary Anne Keýs we Angus Deaton (Nobel baýragynyň laureaty) ABŞ-da ölüm statistikasyny öwrenenlerinden soň döredi. Olaryň geçiren barlaglaryna görä, 1900-nji ýyllarda ilatyň ömür dowamlylygy 50 ýyldan 80 ýyla çenli uzaýar. Emma asyryň ahyryna çenli ilatyň bir böleginiň ömür dowamlylygy ýene öňki ýagdaýyna dolanýar. 1990-njy ýyllardan başlap, latyn-amerikan däl akýagyz adamlaryň, esasanam, ýokary bilimi bolmadyklaryň ölüm derejesiniň birden artandygyny Keýs we Deaton 2015-nji ýylyň dekabrynda Milli Ylymlar Akademiýasynyň Maglumatlarynda (PNAS) habar berdiler.

Munuň esasy sebäbi: 45-54 ýaş aralygyndaky akýagyz işçi amerikanlar alkogolly içgileri aşa köp içip ölýärler. Ýa-da tötänleýin opioid we beýleki neşe serişdelerini çendenaşa ulanyp, köplenç özlerini atyp ýa-da asyp öldürýärler. Işleriň azalmagy, maşgalalaryň dargamagy we beýleki sosial taýdan stres beriji faktorlar ölüm howply umytsyzlyga sebäp boldy.

Deatonyň aýtmagyna görä "Umytsyzlykdan ölmek töwekgelçiliginde ähmiýetli aratapawut - dört ýyllyk ýokary bilim derejäňiz barlygynda ýa ýoklugyndadyr". Amerikalylar "aşa köp içip, neşe serişdelerinden zäherlenip, özlerini ölüme itekleýärler ýa özlerini atýarlar ýa-da asýarlar". Keýs we Deatonyň aýdýan "umytsyzlyk ölümleriniň" özeni bolan jana kast etmek, opioidiň artykmaç dozasy we alkogol bilen baglanyşykly meseleleri azaltmak ölümçiligi peseldip biler.