HINDI GYZLARY NIKA ÝAŞYNY 21-E ÇYKARMAGY TALAP EDÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hindi gyz nikaHindistanyň gündogaryndaky Bihar welaýatynyň ýaşaýjysy Sonam Kumari geçen ýyl koležde okamaga gaýdanda, ene-atasy ony durumuşa çykarmagy meýilleşdirip başlaýarlar. Kumari öýünden uzaga gaýtsa-da, durmuşa çykmak basyşy ony terk etmedi.

Geçen aý Kumari premýer-ministr Narendra Modä edil oglanlara rugsat berlişi ýaly, gyzlaryň hem nika ýaşynyň 21 ýaşa galdyrylmagyny sorap, haýyşnama ýazdy. Şonda gyzlar hem ýokary okuwy tamamlap bilerler. Kumariniň hereketi ýüzlerçe aýal-gyzlary Modä şoňa meňzeş hat ýazmaga iterdi. Premýer ministriň ofisine 800 töweregi hat iberildi. Hatlarda gyzlar başdan geçirmelerini, hatda käbirleri goşgy hem ýazypdyrlar.

Modi geçen ýyl Garaşsyzlyk gününde eden çykyşynda gyzlaryň minimum nika ýaşyny täzeden gözden geçirmegi wada beripdi. Emma, hökümet häzire çenli bu barada karar kabul etmedi.

Feminist aktiwistler we zenanlaryň nika ýaşyny ýokarlandyrmagyň tarapdarlary gyzlaryň garaşsyz bolmagynda bilimiň ähmiýetini, göwreli gyzlarda saglyk meseleleriniň ýaýrawlylygyny we nika ýaşynyň jyns taýdan deň bolmalydygyny belleýärler.

  • 937 gezek okalan