ALSGEÝMER KESELI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (13 Ses)
Ösen ýurtlarda Alsgeýmer keseli ölüme
getirýän esasy sebäpleriň biridir.

Akylyň ýa-da  kognitiw (akyl ýetirme) ukybyň peselmeginiň alamatlary  adam heniz 45 ýaşamanka ýüze çykýar. Bu British Medical Journal žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijesidir.

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary 45-49 ýaşly aýallaryň we erkekleriň arasynda akylyň 3,9%-ň peselýändigini bellediler.

10 ýylyň dowamynda olar 45-70 ýaş aralygyndaky 7000 erkegiň we aýalyň söz baýlygyna, maglumat kabul etmek ukyplaryna baha berdiler. Öň geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, akyl taýdan gowşaklyk 60 ýaşdan başlanýar diýip hasaplanylýardy. Emma häzirki döwürde geçirilýän barlaglar kelle beýnisiniň işjeňliginiň gowşamagynyň has ir başlanýandygyny subut edýär. Beýni dokumasynyň üýtgemegi (degeneratiw ýagdaýlar) sebäpli ýüze çykýan keselleriň, şol sanda Alsgeýmer keseliniň anyklanylmagynda we bejerişiň täze usullarynyň işlenilmeginde bu maglumatlaryň ähmiýeti  örän uludyr.

Täze epidemiýa

Uniwersitet kollejiniň  barlag topary 1997-nji we 2007-nji ýyllar aralygynda 45-70 ýaşly 5198 erkegi we 2192 aýaly barlagdan geçirdiler. Olaryň ählisi döwlet gullukçylarydy.

Barlagyň dowamynda ýatkeşligiň, söz baýlygynyň, eşitmek we görmek arkaly maglumatlary kabul etmäge bolan ukybyň görkezijilerine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde barlagdan geçirilýänleriň bilim derejeleriniň tapawudy göz öňünde tutuldy.

Barlagyň netijeleri söz baýlygyndan başga ähli derejelerde kogniktiw hereketleriň görkezijileriniň peselýändigini subut etdi. Adamyň ýaşy ulaldygyça, şeýle pese düşme has-da çaltlaşýar.

Kogniktiw ukyplarynyň  peselmegi 65-70 ýaşly erkekleriň arasynda 9,6%, şol ýaşdaky aýallaryň arasynda 7,4% ýetdi.

Uniwersitet kollejiniň barlag toparynyň ýolbaşçysy Fransiýanyň epidemiologiýa boýunça barlaglar Merkeziniň professory Arkana Sing-Manu alnan netijeleriň garrylyk bilen bagly akyl gowşaklygynyň uzaga, käte 20-30 ýyla çekip bilýändigini subut edýändigini belleýär.

"Bize ilatyň haýsy gatlagynyň töwekgellik toparyna girýändigini we akyl taýdan gowşaklygy haýallatmagyň nähili  usullarynyň bardygyny öwrenmek gerek. Keseliň dürli döwürlerinde ony bejermäge girişmek mümkindir. Keseliň ösüş tizligi  bolsa zyýanly endiklere, çilimkeşligiň görnüşlerine we fiziki işjeňligiň derejesine  baglydyr" – diýip, professor nygtaýar.

Häzirki döwürde degeneratiw keselleriň, şol sanda garrylyk zerarly akyl gowşaklygynyň, Alsgeýmer keseliniň, Parkinson keseliniň we beýlekileriň ilaty çalt garraýan, ösen ýurtlardaky  epidemiýalary dünýäniň fiziologlarynyň  köpüsiniň ünsüni özüne çekýär.

Ulanylan WEB Salgy