ÝAŞ OGLANLAR ÜNSDEN DÜŞÜRILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yas oglanlar unsden dusurilyarLancet žurnalyndaky täze hasabata görä, dünýäde 2019-njy ýyldaky ölümleriň 61%-ini ýaş oglanlar düzýär. Bu hasabat dünýäde ölümleri azaltmak boýunça edilýän tagallalarda 10-24 ýaş aralygyndaky oglanlaryň ünsden düşürilýändigini görkezýär.

Ähli künjeklerde diýen ýaly 10-14 ýaşly oglanlar esasan heläkçiliklerden ýogalýarlar, emma:

↪ Ýokary-girdejili ýurtlarda ýaş oglanlaryň ölümine esasan rak keselleri sebäp bolýar.

↪ Günorta Aziýada we Saharanyň aşagyndaky Afrika ýurtlarynda ölümleriň köpüsine iýmit we suw bilen baglanyşykly keseller sebäp bolýar.

Kanun çykaryjylar häzire çenli ýaş oglanlaryň ölüminiň esasy sebäpkärlerine (zorluk, trawma we neşe serişdeleri) çäre görmegi başarmadylar.

Türkmenistanda hem erkek adamlar aýallardan has az ýaşaýarlar. Ýurtda erkekleriň ömür dowamlylygy ortaça 64 ýaş, aýallaryňky ortaça 72 ýaş.

  • 62 gezek okalan