DIABET BEJERGILERI HEMMELERE ELÝETERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

diabet insulinInsuliniň üsti açylanyndan bir asyr soňra hem, diabetli adamlar bejergi almakda birnäçe päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: gymmat bahalar, almasy kyn bolan insulin, insulin öndürijileriň örän azlygy, gowşak saglyk ulgamlary we ş.m:

↪ Häzirki wagtda dünýäde 537 million adam I ýa-da II görnüşli diabetden ejir çekýär.

↪ I görnüşli diabetli 9 million adam we II görnüşli diabetli 60 million adam insuline daýanýar.

↪ II görnüşli diabetli adamlaryň 75%-i günbatar Amerikanyň we Ýewropanyň daşynda ýaşaýar.

↪ II görnüşli diabet üçin insuline mätäç bolan adamlaryň ýarysy ony alyp bilmeýär.

1-nji mesele: Dünýäniň insulin bazarynyň 90%-ini 3 sany halkara korporasiýa dolandyrýar. Bular hem soňky wagtda amatly bahaly adam insulininden 1.5-3 esse gymmat bolan sintetik insuline geçdiler.

2-nji mesele: Insulinleri 2-8 C gradusda saklamaly – bu bolsa pes we orta-girdejili döwletlere kyn düşýär. Käbir adamlar insulinleri salkyn temperaturada saklamak üçin toýun gaplary ulanýarlar (sowadyjy enjamlar elýeter däl ýerlerde). Emma näsaglaryň köpüsine insulini 25-27 gradusly temperaturalarda 4 hepdä çenli saklap bolýandygy barada aýdylmaýar.

"100 ýyl mundan ozal insulini tapan alymlar öz açyşlarynyň üsti bilen gazanç etmekden ýüz öwrüp, patenti bir dollara satdylar. Gynansakda, bu raýdaşlyk hereketiniň multi-milliard dollarlyk biznesler tarapyndan üsti örtüldi we insuliniň elýeterliliginde deňsizlikler döredildi" diýip, BSGG müdiri Tedros Gebreýesus belleýär.

I görnüşli süýjüli diabet – käbir sebäplere görä aşgazanasty mäziň insulin bölüp çykarýan öýjükleriniň zeperlenmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Diabetiň bu görnüşi köplenç çagalyk we ýetginjeklik döwründe ýüze çykarylýar. Barlaglar keseliň bu görnüşiniň wiruslaryň täsiri, immun ulgamynyň kadasyz işjeňligi we nesilyzarlaýjylyk häsiýetliligi sebäpli ýüze çykýandygyny belleýär. Süýjüli diabetiň özüniň nesilden-nesle geçmän, oňa töwekgelçilik edýän faktorlaryň geçýändigini bellemelidir.

II görnüşli süýjüli diabet adatça 30-40 ýaşdan soň, artykmaç beden agramlylygy bolan adamlarda ýüze çykyp biler. Keseliň bu görnüşinde aşgazanasty mäz insulini bölüp çykarsa-da, beden öýjükleriniň oňa bolan duýujylygy peselýändir. Şol sebäpli glýukoza beden dokumalarynda biohimiki özleşmeleri geçip bilmän, ganda toplanýandyr. Wagtyň geçmegi bilen ýokary derejeli glýukozanyň mäziň öýjüklerini zaýalaýandygy sebäpli, insuliniň işlenilip çykarylyşy hem peselýändir.

  • 847 gezek okalan