ÇAGA ÖLÜMÇILIGI AŞA BEÝIKLIGINE GALÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dunyade caga olumciligi2020-nji ýylda dünýäde 5 ýaşdan kiçi bolan 5 milliondan köp çaga ýogaldy. BMG-nyň täze hasabatyna görä, dünýä çaga ölümleriniň öňüni almakda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekden örän yzda barýar. Näme üçin?:

COVID-19 täsiri: Häzire çenli ýygnalan maglumatlar pandemiýanyň çaga ölümçiligine eden täsirini görkezmeýär, emma muňa giňişleýin düşünmek üçin has köp maglumat gerek. Çäklendirmeler we lokdaunlar sebäpli çaga şikeslenmeleriniň we infeksiýalarynyň azalan bolmagy ähtimal, emma alynmadyk waksinalar ýaly faktorlaryň täsiri wagtyň geçmegi bilen bildirip başlar.

Geografik deňsizlikler: Bäş ýaşdan kiçi çaga ölümçiliginiň 82%-i Afrikada Günorta Sahara ýurtlarda we Aziýada bolup geçýär. Günorta Saharada her 14 çagadan biri 5 ýaşyny doldurmanka ýogalýar – bu görkeziji ýokary-girdejili ýurtlardakydan 15 esse uludyr.

UNIСEF guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda çaga ölümçiligi Merkize Aziýa sebitinde iň ýokary derejede bolmagyna galýar. Ýurtda bäş ýaşa ýetmedik her 1000 çagadan 46 çaga ýogalýar.