TÄZE ÝYLYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN!

Taze yyl 2022

MÄHRIBAN OKYJYMYZ,

Biz seni we seniň maşgalaňy ýetip gelen Täze Ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Geçen ýyl seniň üçin nähili ýyl bolan hem bolsa, ony ýakymly ýatlamalar, täze durmuş sapaklary, guwançly üstünlikler, sagdyn beden we sagdyn gatnaşyklar hem-de uly umytlar we maksatlar bilen tamamlaýansyň diýip tama edýäris.

Biziň bilen aragatnaşykda galýanyň üçin hem, ýene bir gezek minnetdarlygymyzy bildirýäris. Täze ýylda-da seniň bilen bilelikde has köp zat öwrenjekdigimiz we öwretjekdigimiz bizi diýseň begendirýär.

Baýramçylyk möwsüminde hem, özüňi we başgalary koronawirusdan goramagy dowam etmek üçin, elleriňi wagtly-wagtynda sabyn bilen ýuwmagy, maska geýmegi, aradaşlygy saklamagy, üýşmeleňlerden saklanmagy, şeýle-de ýakynlaryň bilen COVID-19 düzgünlerine eýerip baýramçylyk gutlaşmagy hem-de hoş wagt geçirmegi unutmarsyň diýip umyt edýäris.

Şeýle maşgala baýramçylyklarynda çäklendirmeleri berjaý etmek näçe kyn düşýän hem bolsa, geliň hemmämiz muny diňe özümiziň däl, tutuş jemgyýetimiziň bähbidi üçin edýändigimizi ýatlalyň we egnimize kakalyň. Diňe şeýle dowam etsek, biz pandemiýadan has daşlaşyp, birek-birege has ýakynlaşyp bileris.

TÄZE ÝYLYŇYZ WE BU MÖWSÜMDE BELLEÝÄN ÄHLI BAÝRAMÇYLYKLARYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN!

Şatlyk we söýgi bilen,
Saglyk redaksiýasy

  • 694 gezek okalan