OÝNAWAÇLARDAKY GURŞUNYŇ HOWPLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oynawaclardaky gursunÇagalary metal we plastik oýnawaçlardaky, esasanam käbir import edilýän oýunjaklardaky we oýunjak şaý-seplerdäki gurşunyň täsirlerinden goraň. Çagalaryň gurşun täsirine sezewar bolmagynyň öňüni alyp bolýar.

Köp çagalara baýramçylyklarda sowgat hökmünde oýunjaklar we oýunjak şaý-sepler berilýär. Käbir oýnawaçlaryň düzüminde, aýratyn hem import edilýän oýunjaklaryň we oýunjak şaý-sepleriň käbirlerinde gurşunyň bolmagy ahmal. Gurşun göze görünmeýän we yssyz bolsa-da, ol çaganyň saglygyna çynlakaý zyýan ýetirip biler. Çagalar ellerini we oýnawaçlaryny agyzlaryna salagan bolýarlar. Olaryň elleriniň gurşun tozany bilen hapalanmagy ýa-da oýnawaçlaryň gurşunly bolmagy mümkin. Kiçi çagaňyz bar bolsa, çagaňyzy düzümi gurşunly oýnawaçlardan, oýunjak şaý-seplerden we beýleki zatlardan daşda saklaň.

Oýunjaklarda gurşun nähili saklanýar?

Gurşun käbir oýnawaçlaryň we oýunjak şaý-sepleriň boýagynda, metal we plastik böleklerinde, esasanam, daşary ýurtlarda öndürilen oýunjaklarda bolup biler.

↪ Türkmenistanda oýunjaklar we çaga önümleri satuwa çykarylmazdan ozal, olaryň hiliniň kesgitli ülňülere laýyklygyny barlamagy talap edýän kanun ýok.

↪ Gurşuny plastik önümlerde ulanmak entek gadagan edilmedi.

↪ Gurşun plastigi ýumşadýar we oýnawaçlary öňki durkuna getirmek üçin olary has çeýeleşdirýär.

↪ Gurşun plastik oýunjaklaryň molekulalaryny ýylylykda durnuklaşdyrmak üçin hem ulanylýar.

↪ Gurşun tozany käbir plastik oýnawaçlar gurşun bilen plastigiň arasyndaky himiki arabaglanyşygy bozýan gün şöhlesine, howa we arassalaýjy serişdelere galtaşanda emele gelýär.

↪ Gurşun oýunjak ýasalýan garyndylary almak üçin galaýy ýaly beýleki metallar bilen garyşdyrylyp bilner.

Çagalarda gandaky gurşunyň howpsuz derejesi henizem kesgitlenilmedi. Emma, gandaky gurşunyň juda pes derejesi hem çaganyň intellektual zehin derejesine (IQ), ünslüligine we okuwa ýetişikliligine täsir edýär. BSGG-a görä, gurşunyň çaga saglygyna ýetirýän zyýanlary:

↪ Akyl taýdan yza galaklyk;

↪ Okuwa ýetişigiň gowşamagy;

↪ Özüni alyp barşynyň üýtgemegi;

↪ Ýygralyk;

↪ Beýniniň we nerw sistemasynyň işleýşiniň bozulmagy;

↪ Damar çekme (sudoroga);

↪ Gan basyşyň ýokarlanmagy;

↪ Immun toksikozy;

↪ Böwrek ýetmezçiligi;

↪ Jyns organlaryna zäherleýji täsiri;

↪ Ölüm howpy.

Çagaňyz oýunjaklardaky gurşunyň täsirine sezewar bolanda näme etmeli?

Çagaňyzyň oýunjagynda gurşun bardyr diýip pikir etseňiz, dessine oýnawajy elinden alyň we çaga lukmanyna ýüz tutuň. Gurşunyň täsirine sezewar bolan çagalaryň aglabasynda hiç hili alamat ýüze çykmaýar. Ganyň gurşun testini tabşyrmak çaganyň gurşuna sezewar bolanlygyny anyklamagyň iň aňsat usulydyr. Çaga saglyk hyzmatyny üpjün ediji ganyň gurşun testiniň zerurdygyny ýa-da däldigini kesgitlemäge kömek edip we çaganyň ganynda gurşun tapylan halatynda zerur çäreleri maslahat berip biler. Ganda gurşun derejesiniň ýokarlanmagy bilen gurşunyň zyýanly täsirleriniň hem artmagy mümkin.

Çeşme

NÄME ÜÇIN EKO-OÝUNJAKLARY SAÝLAMALY?

  • 785 gezek okalan